Friday, March 23, 2007

Mollanepes Teatry Tazeden Janlanyar


Mollanepes Talyplar Teatry Täzeden Hyzmata Açyldy.
çap edildi
TurkmenPress Nowruz 22,2007

Baglanşykly HabarlarBu habar bilen baglanşykly yazgy yok
Mollanepes adyndaky Talyplar Teatry, Türkmen Döwlet Medeniyet İnstitutynyn talyplaryna milli bahar bayramynyn sowgady hökmünde täzeden açyldy. Fransuz kompaniyasynyn durkuny täzelan teatr, onlarça yyldan bäri türkmen teatr sungadyna hyzmat edip tanymal sungat işgärlerimizin bu çeşmeden gözbaş alyp gaytmagyna yardam beripdi.Garaşsyzlyk yyllarymyzda Mollanep Drama Teatry, Talyplar Teatry adyny alyp, türkmenin geljekki sungat işgärlerini, ukyply artistleri halkymyzyn hyzmatyna hödürlär. Durkuny täzelan teatrmyzda türkmen talyplary öz ukyplaryna ukyp goşarlar. Olar bu mekanda ussatlygyn belent mertebesine yetip, halkymyzyn hoş wagt geçirmegi üçin hyzmat ederler.Bahar bayramyndaky dabaraly açylyşa mejlisimizin deputatlary, hökümet agzalary, guramalaryn işgärleri, yaşulylarymyz, diplomatiki wekiller, habarçylar, talyp yaşlar we halkymyz gatnaşdylar. Yaşyl lenta kesilenden sonra, myhmanlar teatryn täze iç keşbini synladylar.Teatryn giriş zalyna türkmen teatrynyn we kinosynyn gözbaşynda duran Alty Gärlyyewin we Aman Gulmmamedowyn byustlary goylupdyr.Dabaranyn dowamynda Türkmen Döwlet Medeniyet İnstitutynyn talyplary myhmanlara bahar sowgady hökminde teatr oyunlary oynap şatlyklaryna şatlyk goşdular.

No comments:

Post a Comment