Thursday, March 29, 2007

Türkmenistanda öňe gidişlik - Bilim Baradaky Kararyn Doly Mazmuny


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda:
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, bilim hakyndaky resminamalaryň dünýäde ykrar edilmegini gazanmak, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna mümkinçilik döretmek hem-de “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Baýdak aýynyň 15-inde çykaran 4610-njy Permanyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen karar edýärin:....
Okuw derslerini talaba laýyk okatmak, sapak ýazgylaryny, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak, okuwçylaryň ýazuw depderlerini, gündeliklerini barlamak, sapakdan daşary çäreleri geçirmek üçin goşmaça wagt sarp edýändiklerini nazara alyp, 2007-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-inden başlap, ähli görnüşdäki orat, hünärment we orta hünärment nekdeplerinde mygallymlaryň iş ýüküni hepdede 24 sagat möçberde bellemeli. Okuw-usuly, guramaçylyk-usuly we ylmy-barlag işlerini netijeli alyp barmak hem-de terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin goşmaça sarp edilýän wagty göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdeplerniň professor-mugallymlarynyň ýyllyk iş ýüküni 850 sagat möçberde bellemeli. 2006-2007-nji okuw ýylynda 9-njy synpy tamamlaýan okuwçylar öz okuwlaryny 2007-2008-nji okuw ýylynda 10-njy synpda dowam etdirmeli. Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu özgertmelere laýyklykda taýýarlanylýan ýokary we orta mekdepleriň hem-de mekdebe çenli çagalar ederalarynyň esasy okuw meýilnamalaryny tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagyna ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmek üçin orta mekdeplerde synplaryň dolulygynyň ortaça sanyny 25 okuwçydan ybarat diýip kesgitlemeli we okuwçylaryň sany 1-3-nji synplarda 30-dan, 4-10-njy synplarda 34-den köp bolanda ugurdaş synplary saçmaga rugsat bermeli. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toparlaryň dolulygynyň çägini 1-3 ýaşly bakja toparlarynda 15-20 çaga, 3-4 ýaşly bag toparlarynda 20-25 çaga diýip kesgitlemeli. Medeni çäklerden uzakda ýerleşýän obalarda, demir ýol ýakasyndaky menzillerde ýaşaýan we başlangyç bilim alan çagalaryň ýokary synplarda okuwlaryny dowam etdirmegi hem-de kadaly bilim almagy üçin welaýatlarda mekdep-internatlaryny açmaly. Orta bilim babatda ösen ýurtlaryň tejribesini we ýurdumyzda herket edýän köp sanly hünärment mekdeplerinde ýaşlaryň islegine, ukybyna görä dürli hünärleri öwrenmegi üçin döredilen mümkinçilikleri nazara alyp, orta mekdepleriň 7-9-njy synplarynyň okuw meýilnamasyndan hünär okuwyny aýyrmaly we ýaşlara jemgyýetimiziň ösüş kanunlaryny, hukuk, ahlak, ykdyasdy, syýasy, ekologiýa medeniýetini öwretmek üçin okuw meýilnamasyna jemgyýeti öwreniş we bedenterbiýe sapaklaryny girizmeli. Ýokary okuw mekdeplerine kabul etmegi giriş synaglaryny tabşyrmak esasynda amala aşyrmaly we orat bilimli ýaşlaryň mekdebi tamamlan ýylynda ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmegine rugsat bermeli. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň 2007-nji ýyl üçin Döwlet býujetine şu kararda gelip çykýan üýtgetmeleri girizmeli. şu karayň ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrligi, welaýatlryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli
Resource: TurkmenPress

No comments:

Post a Comment