Thursday, April 05, 2007

Eỳranda atçylyk işleri

Eỳran Yslam Respublikasynyñ “Touseeỳe saderat” atly halkara žurnalynyñ öz birinji sanynda, “Eỳran atlary 100 Dowamy bar!...
ỳyldan soñ dünỳä eksport eilỳär:” diỳlen mowzuk berilipdir। Şonda şeỳle setirlere gabat gelỳäris। Eỳranyñ türkmen we Hazar atlarynyñ iñ soñky gezek daşary ỳurtlara eksport bolanyndan eỳỳäm 100 ỳyl geçipdir। Indi bolsa, atçylaryñ kooperatiw firmasynyñ tagallasy we “Jahad-e Keşawärzi (ekerançylyk hojalygy)” ministrligi hem “At çapyşyk ỳarym federasiỳasy” we “Çowgan oỳunlary” sportynyñ kömegi bilen Eỳranyñ soỳ atlary dünỳäniñ dürli künjeklerine eksport boljakdyr.,, _ Diỳip nygtaỳarlar.

1 comment:

  1. Iñ soñky gezek Gajar türkmenleriniñ hanedanlygy mahaly Nasretdin şahyñ döwründe, daşary ỳurtlylar Eỳran türkmen atlaryna gyzyklanyp, atlary gämi bilen öz ỳurtlaryna alyp gidipdirler. Eỳranyñ “äsbdaran kooperatiw firmasynyñ” ỳerine ỳetiriji müdiri Abdyljelil Kyỳadynyñ aỳtmagyna görä: “ Eỳran atlaryny (türkmen atlary) täzeden eksport edilip başlansa, onda bu sungaty ösdürmegiñ we atçylyk önüminiñ giñeldiş şertleriniñ taryhda ỳene bir gezek örboỳuna galjakdygy ikiuçsyzdyr.” Ol geçen ỳyllarda bu sungatyñ daşary ỳurtlara eksport edilmediginiñ sebäbini yurtda gurakçylygyñ bolandygy üçin -diỳip nygtaỳar.

    Geçen ỳyllarda önümiñ gymmatlygy we içeri bazaryñ ỳoklygy sebäpli Eỳranda at saklamak meselesi kynçylyk bilen gabatlaşdy. Bu sungata höwesi bolan seỳisler we atçylar diñe öz göwünleri we söỳgisi üçin bu iş bilen meşgullanỳardylar. Eger atçylyk sungatynda şeỳle kynçylyklar dowam etse Eỳranyñ türkmen soỳ atlary genetiki boỳunça ỳitip ỳurtda işsizlik dörär.



    A. Kyỳady öz sösüniñ dowamynda şeỳle belleỳär: “Atlary eksport etmeklik, Eỳran atlarynyñ ỳitip barỳan nesilleriniñ täzeden janlanmagyna sebäp bolar. Iki ỳyl bäri Kanada Respublikasynyñ “Milli atçylar komandasynyñ” aktuwal bir topary “Hazar” we “Türkmen” atlary satyn almaga çynlakaỳ alada edip başladylar. “Äsbdarlar kooperatiwi” firmasynyñ ỳerine ỳetiriji müdiri Kanada Respublikasyna eksport etmek üçin göz öñüne tutulan atlary bir aỳlap Eỳranda we 2 aỳlap Kanada-da karantyn gözleginde saklanjagyny belläp şeỳle diỳỳär: “Häzirki wagt 22 sany türkmen atlary, 18 sany Hazar atlary we 17 sany hem beỳleki sürülerden we dürli adamlardam kanadaly toparyñ tarapyndan saỳlanyp, göz öñüne tutuldy. Şonda türkmen atlarynyñ öñünde goỳulan bahasy 50 müñ dollar görkezildi.”

    Ol üstümizdäki ỳylyñ dowamynda eksport ediljek atlary satmakdan maksat, ỳurda walỳuta siñdirmek üçin däl-de, atlaryñ Eỳrandaky pes bahasyna garamazdan atlaryñ halkara bahasyna garanyñda arzan bahadan bolup durỳar. Şonuñ üçin halkara bahasyna täsiz galdyrmakdadyr...

    Kyỳady şeỳle diỳỳär: “Üstümizdäki ỳylda atlary eksport etmekden maksadymyz dünỳä bazaryna türkmen atlaryñ nesliniñ tanalmaỳandygy we halkara dünỳä bazarynyñ derwezesini Eỳran atlarynyñ öñüne açmakdyr.”



    Ýurtda esasanam Bežnurdyñ Raz we Jergelan oazislerinde atlary ösdürip ỳetişdirmekde hojalyk ministrliginiñ, maldarçylyk işleriniñ orunbasarlygy hem ỳurduñ çowgan we atçapyşyk federasiỳasynyñ tehniki orunbasarlyklarynyñ görkezỳän kärdeşlikleri babatda jenap Kyỳady agzap geçip şeỳle diỳdi: Eỳran we Türkmenistanyñ serhetlerinde ỳerleşen bu oazisde köpçülikde türkmen aoỳ atlary terbiỳeläp kemala ỳetirmekde çäksiz umyt we gyzyklanmalar döretdi.[1]

    Eỳranda at we atçylyk işlerine esasanam Türkmensährada has ähmiỳetli garaỳarlar. Şonuñ üçin Kümmetkowus, Bendertürkmen hem Akgala ỳaly şäheristanlarda ỳörite atçapgy meỳdanlary döredilipdir. Şolaryñ arasynda Kümmetkowus şäheriniñ atçapgy ỳaryş meỳdanynyñ kolleksiỳasy ỳañy ỳakyn ỳyllarda ähliỳurt boỳunça Orta Aziỳada iñ bir uly we owadan sport kolleksiỳasy adyny özüne eỳeripdi. Ýöne şu günki gün ulylykdan diñe ady galypdyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alnadan bäri gadymdan gelỳän türkmen däp-dessurlaryna üns berilip başlandy. Şolaryñ arasynda atçylyk meselesine hem örän gyzykly üns berilip ony ösdürmegiñ ugrunda toỳ baỳramçylyklarda dürli ỳaryşlar goỳulyp hememony ylmy taỳdan ỳaỳbañlandyrmagyñ ugrunda dürli konferensiỳalar we seminarlar ỳola goỳuldy.

    Hatda käbir ỳaş alymlar mysal üçin Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ỳanyndaky Taryh Institutynyñ alymy Öwez Gündogdyỳew ỳaly almylar atçylyk meselesi barada dissertasiỳa hem ỳazyp goradylar.

    Garaşsyz Türkmenistanda bu meseläniñ ähmiỳeti ỳokarlanany üçin Türkmensährada-da öz täsirini ỳetirip bu işe gyzyklanylyp başlandy. Kümmetkowus şäheriniñ ippodrom ( at çapgy ) meỳdany halkyñ we gazet işgärleriniñ ünsüni özüne çekip ol hakda makala hem ỳazypdyrlar. Bu at çapgy meỳdany hakda Gülistan gazeti oña ỳetişiklik edilmäni, gözden düşürileni üçin tankydy göz bilen “Ýurduñ iñ uly atçapgy kolleksiỳasy täzeden gurulmaga mätäçdir” diỳlen bir makala çap edipdir.[2]

    Eỳranyñ ykbalyndan öñ gurulan bu kolleksiỳany gözden düşürilip seredilmäni we üỳtgedip gurulmadygy üçin habarçylygyñ hem ỳumrulan taraplaryny edil giren badyna onuñ asfalt köçelerinden görse bolỳar. Onuñ köçesi iñ uly we owadan atçapgy meỳdanynyñ kolleksiỳasynyñky diỳeniñden, akgyn-çykgynly bir köçelere meñzäp dur diỳeniñ jaỳdar bolỳar.





    Atlary saklanỳan tomus ỳataklaryna aỳlanyp göreniñde atşynaslar, seỳsler hem olaryñ ỳortowullarynyñ atlara ỳetişiklik edip duranyny görỳärsiñ. Şeỳle hem çapyksuwar at oglanlaryñ ỳatyp turỳan hem naharlanỳan mekany şol ỳataklardadygyny añyp galỳarsyñ. Atlary saklamak üçin niỳetlenen bu ỳataklar, atçapgy sportynyñ esasy sermaỳadarlarydygyny ỳatdan çykarmalydäldir.

    Atlaryñ bu ỳataklarynda ỳaşaỳan adamlaryñ aỳtmagyna görä, bu mekanda arassaçylyk diỳlen zadyñ namy nyşany ỳok, esasanam ỳaz aỳlarynyñ çapgylarynyñ başlan wagty howa yssylaşyp başlanỳar. Şonda ol ỳeriñ hemişelik myhmany sypranyñ üstündäki çörek suwlaryñ daşynda aỳlanyşyp, uçuşyp ỳören siñekler bolup durỳar. Bu at ỳatakhanasynyñ arka tarapyndaky ekerançylyk üçin niỳetlenenaçyk meỳdanda görnüp duran jaỳlar hem atlara berilỳän bede samanlaryñ ammarlarydyr.

    Ippodrom aỳlawynyñ göze ilteşỳän demir aỳaklarynyñ betundan gurulan oturguçlarynyñ oỳulyp durmagy, muña hiç hili seredilmäni harabaçylygy öwrülendiginden habar berỳär.

    Kümmetkowusyñ ippodrom kolleksiỳasy öñlerde ösen elektronik ulgamlary bilen ỳagny fotofineỳşn (soñky çyzga ỳetip öñe çykỳan atlary belleỳän foto enjamy), ỳapyk arbitaly telewizorlar ỳaly enjamlar bilen kämilleşipdir. Ýöne bu gün ol çärelerden hiç hili alamat galmandyr. Aỳtmaklaryna görä, olary başga bir ỳerlere äkidilipdir.




    Atçapgy meỳdanyny biri-birinden aỳralaşdyran demir setka diwarlary ỳere ỳykylyp öz häsiỳetini ỳitirmegi hem bu kolleksiỳa ỳetişiklik edilmändiginiñ alamatydyr. Bu setka diwarlarynyñ añry gözỳetimleri bu kolleksiỳanyñ ekeran meỳdanlaryny goramak üçin niỳetlenen enjamlaryñ hem ỳykylyp ỳatandyklary göze ilteşỳär.

    Kümmetkowus şäheriniñ sport ippodrom kolleksiỳasy diñe bir sport gurluşyklary däl-de, eỳsem onda adamlar üçin ỳatakhana hem iki sany ỳaşaỳyş plỳažy dynç almak üçin niỳetlenen gurluşyklary hem bar. Bu kolleksiỳanyñ ỳerine ỳetiriji müdiriniñ aỳtmagynagörä, bir mln 500 müñ rial bỳudžet bilen şu ỳylyñ dowamynda bir sany ỳaşaỳyş plỳažynyñ ỳetmezçiliklerini täzeden gurlyp, ony gerekli çäreler bilen enjamlaşdyrdylar. Yslam Respublika haba pressiniñ habarçysy bu plỳažy barlap görende, ony abraỳly enjamlaşdyryp täzeden remont bolamdygyny nygtapdyr.



    Ýaryş döwürlerde her hepde 5 müñ sany atçapgy muşdak tomaşaçylary özünde ỳerleşdirỳän bu kolleksiỳa, iliñe bir kiçi öỳ, ol hem ỳañy ỳakynda dikilen namazhanadan ybarat bolỳar. Açyk ỳalazy çemenleriñ üstünde namaz okap duran adamlary göreniñde ỳa-da bu namazhanadan habarlary ỳok ỳa-da bolmasa ol ỳere namaz okamaga gyzyklanmaỳarlar. Gum syrkyn garyşyp duran açyk meỳdandaky ỳerde iỳgi-içgi satyşyp oturan satyjylaryñ özlerini alyp barşyny göreniñde, olaryñ satyp duran harytlarynyñ arassalygy hakda bir uly sorag ỳüze çykỳar. Olary göreniñde tomaşaçylaryñ talabyna laỳyk her bir arassa restoran ỳa-da namazhana salmaga gurplary çatmadymyka? Diỳlen sorag ỳüze çykỳar. Bu kolleksiỳanyñ öñki arassaçylyk serwislerini gören her bir synçy adam ony soñky wagtlarda täzeden guruljak bolandygyna ünsi çekilỳär. Eger şeỳle bolan ỳagdaynda bu serwisler talaba laỳyk bolup durardy.

    Bu kolleksiỳada diñe bir sport gurluşyklary däl-de, onda ekerançylyk ỳerleri hem bagçylyk meỳdanlary hem bar. Onda gurap solup oturan bag-bakjalar oña ỳetişiklik edilmändigini añladỳar her ỳylda bugdaỳ ekişine göỳberilỳän 100 gektar ỳere hem-de 27 gektar iñ önümli ekerançylyk ỳerde ỳerleşen bagçylyk meỳdany onuñ esasy sermaỳasy bolup durỳar. Onuñ müdiriniñ aỳtnagyna görä, “Geçmişde terin çuññur skwažina guỳy gurluşygy hem beỳleki ekeran enjamlaryny ỳöriteleşdirmekde hiş hili çäre görülmändir.”

    Onuñ jogapkär işgäri Abdylkerim Suwrynyñ aỳtmagyna görä, bu kolleksiỳada ekerançylyk üçin niỳetlenen üç sany guỳysyndan iki sany doly bozulan, ol birisi işlesede suw çykaryş gurby iññän pes derejede dur.

    Bu işgär şeỳle diỳỳär: “Onda ulanylỳan 8 traktordan 4 traktor işlemäge gurby çatỳar. Beỳlekiler bolsa, bozulany üçin ulanylmaỳar. Ol ỳokardaky kemçilikleri nygatamk bilen, bu kolleksiỳany täzeden doly gurmak üçin pesinden 2 milliard rial pul çykdajysy gerekdigini belleỳär.”

    Wezipesini ỳylyñ başlarynda boỳun alan Kümmetkowusyñ ippodrom kolleksiỳasynyñ müdiri şeỳle diỳỳär: “Bu kolleksiỳanyñ kemçilikleri we bozulmaga tarap barỳan nuksanlyklaryny we işde ỳüze çykỳan bökdençleri hakda gerekli barlaglary geçirildi kem-kemden bu nuksanlaryñ ỳerini doldurmaga ädim ädilỳär.”

    Elbetde täzeçe gurmak prosesi arassaçylyk serwisleri we ỳaşaỳyş plỳažlary başlansada munuñ kemçilikleriniñ köpdigi sebäpli döwletiñ bỳudžet serişdelerinden puly köpräk göỳberilmegi talap edỳär.[3]







    Dr. Hangeldi OWNUK

    Türkmenistanyñ Ministerler Kabinetiniñ

    Ýanyndaky Taryh Institutynyñ uly ylmy

    Işgari, taryh ylymlarynyñ doktoranty.

    Aşğabat- 2004 y.



    ----------------------------

    [1] Touse-eỳe sadrat, sal-e sewwom şomareỳe äwwäl, Tehran-1380 ş., 33-32 sah

    [2] “Golestan-e Iran”, (görk. iş), 7 sah.

    [3] Şol ỳerde

    ReplyDelete