Tuesday, May 22, 2007

Pyragynyn gubruny zyyarat etdiler.


Türkmenistandan wekilçilik topar Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryny zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynda boldylar। Eýran türkmenleriniň ýaşaýan Gülüstan welaýatyna myhmançylyga baran wekilçilikli topar gadyr bilen garşylandy. Wekilçilikli topar eýranly türkmenlerimize ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pyragynyň we Azadynyň guburlarynyň başynda sadakalar berlip aýat-dogalar okaldy, we dünýeden öten beýik ynsanlarymyza iman baýlygy dilendi. Beýik şahyrlarymyzyň guburlarynyň başynda Türkmen döwletiniň mundan beýlägem gülläp ösmegi we halkymyzyň agzybirligi üçin dilegler edildi.Eýran türkmenleri hem ysnyşykly gatnaşyklaryň elmydama dowam etmegini arzuw edip, Türkmenistanyň halkara jemgyýetdäki abraýy bilen buýsanýandyklaryny mälim etdiler.
Dowamyny okamak üçin Şu yere click edin!

No comments:

Post a Comment