Saturday, August 18, 2007

TÜRKMENISTANDAN HABAR - - - تـرکـمـنـیـسـتـانـدان خبر

Gurbanguly Berdimuhammedow
Berdimuhamdow owalky müfti Nasrullah Ibni Ibadullahy türmeden boşatdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky 4-5 ýylyň dowamynda döwlet işinde goýberen kemçilikleri we säwlikleri üçin azatlykdan mahrum edilen döwlet işgärleriniň günäsini geçdi. 2003 we 2004-nji ýyllarda üýtgeşik sepäplerden iş kesilenleri azat etmek barada "Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyna raýatlardan gelip gowşan köp sanly ýüztutmalary we iş kesilenleriň etmişi üçin tüýs ýürekden puşman edýändigini nazara alyp, şeýle hem türkmen jemgyýetiniň bütewiligini hem-de jebisligini,
her bir maşgalanyň agzybirligini we abadançylygyny has-da pugtalandyrmak maksady billen şevle karar alandygyny bevan eden Berdimuhamedow 11 adamy bagyşlady. Olaryň arasynda Türkmenistanyň owalky müftüsi 2004-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-inde Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan iş kesilen, 1947-nji ýylda doglan Nasrullah Ibni Ibadullanyň hem bardygy mälim edildi. Owalky müfti Ibadullanyň alp-arslan aýynyň 9-na Daşoguzdaky türkmeden boşadylandygy habar berildi.
Şeýle hem 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan iş kesilen, 1955-nji ýylda doglan Amangeldi Dörtgulyýewiç Annamyradowyň , 1957-nji ýylda doglan Mälikguly Annaýewiç Annaýewiň , 1957-nji ýylda doglan Akmuhammet Baýramowiç Baýhanowyň, 1965-nji ýylda doglan Serdar Durdyýewiç Meredowyň, 1979-njy ýylda doglan Olga Wasilýewna Prokofýewanyň,1969-njy ýylda doglan Esenaman Orazmuhammedowiç Yklymowyň we Aşgabat şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen, 1972-nji ýylda doglan Serdar Kakaýewiç Ataýewiň , 1933-nji ýylda doglan Ýusup Haýytowyň, 1962-nji ýylda doglan Şamuhammet Agaýewiç Saparowyň, 1973-nji ýylda doglan Baýmuhammet Toýlyýewiç Taganowyň günäsini geçip, olary mundan beýläk jeza çekmekden boşatmaly diýip Berdimuhammedowyň kararynda mälim edildi.