Sunday, September 23, 2007

Turkmenistandan Habar - - - - تـرکـمـنـیـستان دان خــبــر

Berdimuhamedow: Demokratiýa
Türkmeniň ganynda bar.
Prezident Gurbanguly Berimuhamedow Demokrat Partiýanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy.
Şeýle hem Berdimuhamedow ýurdumyzda täsirli syýasy hereketlerden biri bolan Galkynyş hereketiniň hem liderligine saýlanyldy. Galkynyş hereketi ýurdumyzda ýaşlar weteranşar we beýleki guramalar tarapyndan wekilçilik edilýär.
Hepde soňy geçirlen Demokrat Partiýanyň we Galkynyş Hereketiniň Kongresinde çykyş eden Döwlet Baştutany Berdimuhamedow “Hiç kim bizi demokratiýany çäklendirsiňiz günälemesi bilen aýyplap bilmez ”diýdi. Berdimuhamedow: “Demokratiýa Türkmen halkynyň ganynda bar” diýip nygtady.
Prezidentlik wezipesine saýlanaly bäri demokratiki taýdan uly ädimler äden Berdimuhamedowyň amala aşyrýan işlerine dünýä jemgyýeti tarapyndan hem uly goldaw berilýär.

No comments:

Post a Comment