Monday, December 31, 2007

BENAZIR BHUTTO

Benazir Bhutto
Benazir Bhutto 1988-nji ýylda adamzat taryhyna hemişelik girdi. Şol ýyl ol Pakystanyñ premýer-ministri wezipesine mynasyp boldy. Bu örän uly wakady. Çünki şonda musulman dinine uýýan ýurtda aýal maşgala ilkinji gezek döwlet baştutany wezipesine bellenildi.
Dogrusy, bu sene tutuş adamzat taryhynda-da kiçi-girim däldi. Sebäbi şol güne çenli entek Günbatar ýurtlarynda-da döwlet baştutany wezipesini eýelän aýal barmak basyp sanaýmalydy. Ösen demokratik ýurtlaryñ aglaba köpüsinde-de entek aýallara beýle ynam edilmändi, häzirem edilenok. Gynansak-da, birentek Günbatar ýurtlarynda aýal-gyzlar biziñ günlerimizde-de öz hak-hukuklary ugrunda göreşmeli bolýarlar. Sebäbi erkekler bilen aýallaryñ deñhukuklylygy kagyz ýüzünde ykrar edilse-de, durmuşda bu kada bozulýar.

Diýmek, Benazir Bhutto öz batyrlygy, syýasy düşünjeliligi, başarjañlygy bilen diñe bir öz şahsy abraýyn ýa-da diñe bir öz ýurdunyñ abraýyny götermek bilen çäklenmän, eýse bütin Gündogar ýurtlarynyñ, aýratyn hem musulman halklarynyñ abraýyny arşa göterdi. Gündogar aýallary durmuşda-da, syýasatda-da oña deñleşmäge höwes etdiler.

Geçen asyryñ 90-njy ýyllarynyñ ortalarynda Benazir Bhutto Türkmenistana syýasy sapar bilen gelip gitdi. Şondan soñ Türkmenistanda dürli ýokary wezipeli aýallaryñ arasynda Benaziriñki ýaly başa ak öýme atynmak ýoñ boldy. S.Nyýazovyñ golastynda işleýän Aksoltan Ataýeva, Abat Ryzaýeva ýaly aýallar Benazire öýkünip, başlaryna ak öýme atyndylar. Emma ak öýme atynyp Benazir bolup bolýarmy? Onuñ üçin ilkibaşdan demokratiki syýasy düşünje, bilim, gaýrat gerek. Şol binýadyñ bolmasa, ak öýme seni nätsin?!

Netijede diktator bir gezek gözüni alardanda, A.Ataýeva bilen Abat Ryzaýevanyñ başyndaky ak öýme ýitirim boldy… Olar derrew towuk kimin busdular. Elbetde, başatgyjy sypyrmak añsat, ýöne şol döwürde doglan türkmen gyzjagazlaryna dakylan Benazir atlarynyñ indiden eýläk ykbalynyñ nähili boljagy-da belli däl. Gorkup ýörmäge endik eden adamlaryñ arasynda indiden eýläk Benazir adyny göterip gezmek añsat düşmese gerek? Megerem, onlarça türkmen gyzlarynyñ atlary täzelener? Belki-de, olar bireýýäm täzelenendir.

Öýkünjeñlik gowy zat däl. Iliñ eşigine girip, kişiniñ mertligine-de şärik bolup bolmaz. Onuñ üçin kişiñ başatgyjyny atynanyñ, telpegini geýneniñ, keseki ýurduñ partiýasynyñ adyny baýdak edineniñ ýeterlik däl. Özüñde gudrat bolmaly. Özüñ derde geçmeli. Özüñde ylym, bilim, düşünje, gaýrat, adalat, başarjañlyk bolmasa, kesekä öýkünip, alan galañ bolmaz. Kesekiniñ tejribesini peýdalansañ, onda başga gep. Ýöne onuñ üçin akyl-paýhas, gaýrat gerek.

Benazir Bhutto mert aýaldy. Mertlik bilenem öldi. Beýle ömür we beýle ölüm her kese miýesser edenok. Namart ýaşan mert ölüp bilmez, diñe dogry ýaşan göni gelen ajalyñ öñünde dogry durup biler. Namart müñ bahana tapar, ýöne hak iş üçin öz janyny bermez. Sebäbi namart adam üçin dünýäde onuñ öz janyndan gymmatly zat ýok. Ol diñe özi üçin ýaşaýar. Watanyñ, dogduk topragyñ, il-günüñ geljegi üçin janyñy howpa salmak – namart adam üçin geñ bolup görünýär. Beýle beýik düşünjeler namardyñ diñe nakys gülküsini tutduryp biler.
Ol adamlaryñ biri merhum Avdy Kula ýazan hatynda öz çüýrük durmuş pozisiýasyny şeýle aklamaga synanýar: “Barha beter maddylaşýan dünýäde erkeklik, mertlikç watançylyk hakyndaky sözleri diñlemek ýakymly, ýöne olara ynanyp iş etseñ, Hoşaly Garanyñ, Çarymyrat Guruñ gününe düşmek gaty añsat. Bu-da ykbaldyr diýseñ, ýetim galan çagalaryña bir manat uzatjagyñ tapylmazlygy hem halkyñ garyplygy sebäplidir diýsek, boýny buruk çagalary bilen daşaryk gaçan dul hatynyñy depelejek bolup duran “opposisiýa” näme diýjek.”


Watan, dogduk toprak, il-gün hakda namart diñe boş gürläp ýa-da goşgy ýazyp biler. Ony iliñ öñüne çykyp, aglamjyrap okabam biler. Emma gyzza-gyzza gelende, çete çekiler, watany däl, özüni gorar, il-günüñ geljegini däl, özüni gaýgy eder. “Soñuny saýandan batyr bolmaz” diýip, ata-babalarymyz ýöne ýerden aýdan däldir. “Men namartlyk etjek däldim, batyrlyk etjekdim, ýöne…” diýip başlanýan gürrüñiñ yzyny diñlemek diýseñ ýürekgysdyryjy ahwalat…

Benazir Bhutto göni gelen ajalyñ öñünde dogry durup bildi. Biziñ döwrümizde Gündogarda geñ tendensiýa ýüze çykdy. Nämüçindir Gündogar aýallary mertlikde, batyrlykda erkeklerden ökde gelýärler. Munuñ sebäbi nämede? Bu sorag entek öz öwrenilmegine, derñelmegine mätäç. Ýöne durmuş hakykatyny inkär etmek welin mümkin däl. Pakystanda-da, Hindistanda-da, Türkmenistanda-da, beýleki käbir Gündogar ýurtlarynda-da, aýal-gyzlar öz düşünjelerini, şol sanda syýasy düşünjelerini-de, erkeklere garanda has berk goraýarlar. Gerek bolsa, öz ynamlary üçin janlaryny gurban edýärler.
Käbir maglumatlara görä, 27-nji dekabrdaky geçirilmeli duşuşyga barsa, öz janyna howp abanýandygyny Benazir Bhutto bilipdir. Emma şonda-da öñden planlaşdyrylan duşuşykdan boýun gaçyrmandyr, gorkmandyr, ýöwsellemändir. Netijede Pakystanyñ demirgazyk etrabyndaky Rawalpindi şäherinde 2007 ýylyñ 27-nji dekabrynda batyr hem düşünjeli syýasatçy, merdana zenan Benazir Bhuttonyñ ömri üzüldi.
Benazir Bhutto 54 ýaşynda wepat boldy. Ony öldürenleriñ nähili ownujak, nähili namart, kümsük, doñýürek hem dar düşünjeli adamlardygy hakda, goý, her kesiñ özi oýlansyn. Türkmenlere we türkmenistanlylara bu ölüm bilen baglanyşykly oýlanmaga sebäp kän. Eger biziñ Benazir Bhuttonyñ tragiki ykbalyna gynanýanlygymyz, Pakystanyñ halkyna duýgudaşlyk edýänligimiz çyn bolsa, onda biz bu tragediýadan özümiz hem öz geljegimiz üçin sapak almaly. Türkmenistanda geljekde şeýle erbetligiñ bolmazlygy üçin häzirden alada etmeli. Bu ugurda Türkmenistanyñ resmi häkimiýetleri-de, türkmen oppozisiýasy-da anyk işleri durmuşa geçirmeli.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedov we onuñ töweregi bir hakykaty unutmaly däl: haýsy ýurtda adam hukuklary basgylansa, demokratik özgerişlere, ösüşe ýol berilmese, syýasy partiýalar gadagan edilse, söz azatlygy bogulsa, şol ýurtda iru-giç ekstremistik, şol sanda dini fanatizmiñ esasynda ýetişen gara güýçler öñe çykýandyr. Türkmenistanda şundan öz wagtynda netije çykarylsa gowy bolardy.
Oppozision töwerekler bolsa, özara jedelleri hukuk giñişliginde alyp barmagy, syýasy bäsdeşligi şahsy duşmançylyga öwürmezligi öwrenmeli. Diñe şeýle zerur işler öz wagtynda durmuşa geçirilse, Türkmenistanyñ ýagty geljegine ynanyp bolar. Diñe şonda gara güýçleriñ ýurduñ geljegini opurmagynyñ, Benazir Bhuttonyñ garşysyna edilişi ýaly kümsük syýasy öldürmeleriñ gaýtalanmagynyñ öñüni alyp, Türkmenistanda kadaly syýasy ösüş üpjün edip bolar. Bu düzgün häzirden hemmeler tarapyndan ykrar edilse we berk ýerine ýetirilse, türkmen topragynda demokratik jemgyýeti, hukuk döwletini gurmak ugryndaky barýan agyr göreşde ýoluñ gylla ýarynyñ geçildigi bolardy.

Ak Welsapar, ýazyjy2007-12-29

No comments:

Post a Comment