Monday, January 21, 2008

BILIM HABARLARY - - 1 - - بــیـــلـــیم خـــبـــرلاری

Aspirantura we doktorantura baradaky karara Berdimuhamedow gol çekdi.
****

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky düzgünnamany tassyklaýan karara gol çekdi.
Türkmen Döwlet Habarlarynyň habar bermegine görä (TDH) düzgünnama esasynda 2008-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary tassyklandy. Şeýle hem munuň bilen bilelikde alymlyk derejeleriniň we atlarynyň sanawy hem oňlandy.
Ýene-de düzgünnama esasynda kabul ediljek aspirantlara we kliniki ordinatorlara aýlyk haky hökmünde kiçi ylmy işgäriň iş haky möçberi kesgitlendi. Doktorantlara bolsa ylymlaryň kanditaty bolan uly ylmy işgäriň aýlyk iş haky möçberinde aýlyk bermek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşe aspirantura we doktoranturalary bir aýyň dowamynda açmak üçin guramaçylyk işlerini geçirmek tabşyryldy. Kliniki ordinaturalary açmak baradaky guramaçylyk işi bolsa 1 aý möhlet bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyryldy. Aspirantura, doktorantura synaglaryny Bilim Ministrliginiň taýýarlajakdygy mälim edildi.

No comments:

Post a Comment