Sunday, January 06, 2008

EÝRANYÑ ”DEÑIZ GORAGYNYÑ” GULLUKÇYLARY ADAM ÖLDÜRDILER

Türkmensährada edil Täze ýyl baýramynyñ öñ ýanynda Hazarda balykçylyk edip ýören türkmenleriñ üstüne Eýran ”Deñiz gorag” gullugynyñ gullukçylary bikanun hüjüm etdiler. ”Deñiz goragçylary” öz gün-güzerany üçin deñze çykan ýaş türkmen balykçylarynyñ üstünden öz motorly gaýygyny sürüp, balykçylaryñ biriniñ nähak ölümine sebäp boldular.

Eýran ”Deñiz goragynyñ” gullukçylarynyñ bu eden işinde jenaýatyñ alamatlary görünýär. Sebäbi deñiz resurslaryny goraýjylar bu meselede ne Eýran, ne-de Halkara kanunlaryny saklapdyrlar. Deñizde öñüñden çykan gaýygyñ üstünden döwlet katerini sürmek – bu bar bolan Eýran we Halkara kanunlara garşy gitmekdir, adamçylykdan çykmakdyr. Eger Eýranda döwlet kanunlary bar we olara ilki bilen hormat goýmaly adamlar, ýagny döwlet gullukçylary hormat goýýan bolsalar, onda bu betbagtçylyk bolmazdy. Çünki döwletiñ çäklerinde gabat gelen islendik düzgüni bozmalara kanun esasynda çäre görülmeli. Bir adama jenaýatçy hökmünde çäre görmek üçin ilki onuñ jenaýaty garaşsyz sudda boýnuna goýulmaly we oña degişli jeza çäresi bellenilmeli.
Kimdir biri sud edilip, günäsi boýnuna goýulmadyk kişä öz islegine görä, hamana öz ýanyndan jenaýatçylykda aýyplap, çäre görse, ol adamynyñ özüniñ kanundan çykdygy bolýar. Kanundan çykan adam hem, hala ol ýönekeý adam bolsun, hala-da döwlet işgäri – hökman sud jogapkärçiligine çekilmelidir we öz jezasyny çekmelidir.
Biz Eýran ”Deñiz goragçylary” tarapyndan 2007 ýylyñ 27-nji dekabrynda Hazar deñzinde eden-etdilik bilen öldürilen türkmen milletinden bolan Eýran raýaty Hesametdin Hydaveriñ garşysyna edilen jenaýatyñ tizden-tiz derñelmegini we güman edilýän jenaýatkäriñ sud jogapkärçiligine çekilmegini, oña çäre görülmegini talap edýäris!
Eýran hökümeti bu güman edilýän jeñaýaty wagtynda derñemek bilen köpmilletli Eýran döwletiniñ öz kanunlaryna we degişli Halkara kanunlaryna hormat goýýanlygyny görkezip bilerdi.

Web Resource: Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi06.01.2008