Saturday, January 12, 2008

SUNGAT ÖÝI ÝYKYLMAZ!

Türkmenistanyñ Prezidentine açyk hatHormatly Prezident!
Türkmeniñ söýgüli şahyry, söwer ogly Gurbannazar Eziziñ öýi, onuñ ýurt ýeri – halkyñ ýüreginde mukaddeslik derejesine eýe bolan ojakdyr. Türkmen ilinde muny bilmeýän ýa-da bu hakykaty inkär etjek tapylmaz. Sebäbi Gurbannazar Eziz öz döredijiligi bilen türkmeniñ göwnüni awlap, onuñ milli mertebesini bir gez beýgeltmegi başaran beýik şahyrdyr.

2008-01-10

Türkmen şahyrlarynyñ soñky birnäçe nesli Gurbannazar Eziziñ goşgularyny okap, olary ýatdan öwrenip, şahyryñ beýik poeziýasyndan sapak alyp, edebiýata geldi, ösdi we kämillige ýetdi. XVIII asyrda ýaşan Magtymguly özünden soñky şahyrlara nä derejede göreldelik täsir eden bolsa, XX asyryñ ikinji ýarymynda ýaşan Gurbannazar Eziz hem şygyr sungatynda özünden soñkulara şol derejede täsirli nusgalyk edebi miras galdyrdy. Şahyryñ özi gitse-de, onuñ dürdäne, owadan, edepli, salykatly, ýürege ýakyn eserleri bize ebedilik miras galdy. Ol eserler Türkmen edebiýatynyñ altyn hazynasyna hemişelik girdi. Öz iline:
Sen bolmasañ, oñat bordy dogmanym,
Sen bolañsoñ, bu giñ dünýä sygmanym.
Tylla gyryndysy edip ýygnanym
Namysym, mertebäm –
Seniñ adyñda.
diýip ýüzlenen, Türkmen topragyny jan-dilden söýen beýiky türkmen şahyrynyñ önüp-ösen, ýaşan, işlän mähriban ojagynyñ ýykylmagy – türkmen edebiýaty üçin uly hasratdyr.
Hormatly Prezident! Bu gabahat işi türkmenleriñ häzirki nesli-de, geljekki nesilleri-de oñlamaz. Kimdir biri size muny başgaça düşündirmäge çalyşsa, onuñ türkmeniñ ruhundan, hem edebiýatdan başynyñ çykmaýanlygydyr. Beýik şahyryñ mähriban ojagynyñ ýykylmagynyñ hut Siziñ Prezidentlik döwrüñize gabat gelmegi ullakan şowsuzlyk. Çünki bu hadysa Size Prezident hökmünde-de, adam hökmünde-de asyrlara gitjek biabraýçylyk getirer.
Çünki Gurbannazar Eziziñ ojagyny ýumurmak bilen tokunmasyz mukaddeslige tokunyldy. Ýöne ”Zeleliñ ýaryndan gaýtmak hem bir peýda” diýlişi dek, entek ýagdaýy düzetmäge, uzaga gitjek masgaraçylygyñ irgözinden öñüni almaga mümkinçilik bar. Sebäbi häzirlikçe mukaddes öýüñ ýurt ýeri dur. Eger şol ýerde şäheriñ täze arhitekturasyna mynasyp derejede Gurbannazar Eziziñ öý-muzeýiniñ gurulmagynyñ tagallasyny etseñiz, onda Siz diñe bir türkmen okyjylarynyñ, edebiýatçylarynyñ, sungat işgärleriniñ däl-de, eýse külli türkmeniñ alkyşyny alardyñyz. Diñe bir häzirki ýaşap ýörenleriñ däl-de, eýse geljekki nesilleriñ-de!
Hormatly Prezident! Türkmenistan häzirki wagtda Siziñ baştutanlygyñyzda sivilizlenen dünýäniñ düzgünlerine görä ýaşamaga ymtylýar. Elbetde, bu her bir türkmeniñ ýüreginde gyzgyn goldaw tapýar. Umumy adamzat gymmatlyklary halkyñ milli medeniýetine, onuñ geçmişine we geljegine sarpa goýulmagyny, ol gymmatlyklaryñ gözüñ göreji ýaly goralmagyny añlatmaýarmy näme?. Beýik sungaty döreden, öz halkyna gymmatly miras goýan adamlaryñ şahsyýeti, olaryñ doglan, önüp-ösen, ölmez-ýitmez eserlerini döreden öýleri-de – milletiñ medeni mirasynyñ bir bölegidir. Diýmek, Gurbannazar Eziziñ ýurt ýeri-de Türkmen döwletiniñ we onuñ Prezidentiniñ goragyna mynasypdyr! Siziñ bu jogapkärli wehormatly wezipäni öz üstüñize aljaklygyñyza ynanmaga rugsat ediñ!
============
Uly hormat bilen
A.Welsapar, ýazyjy, Şwed Ýazyjylar guramasynyñ we Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubunyñ agzasy,

No comments:

Post a Comment