Monday, January 28, 2008

YKTYSADYYET - ا قــتــصـــا د یــّــت

HAZARÝAKA GAZ GEÇIRIJISI
TurkmenPress 03 Türkmenbaşy, 2008

Täze, 2008-nji ýyl täze iri möçberli taslamanyň—Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň başlanmagy bilen alamatlandyrylar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmekde, energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde onuň iňňän möhüm ähmiýeti bardyr. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýene bir energetika köprüsini döretmek, degişlilikde Hazaryň ýakasyndan geçýän gaz-transport ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky başlangyjyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň ýazynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus-gazak duşuşygynyň barşynda öňe sürülipdi. Hut şol ýerde, strategiki gaz ulgamynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyjuwlydyklaryny beýan edip, üç ýurduň liderleri Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak barada Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýanatyna, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde gaz geçiriji kuwwatlyklary ösdürmek baradaky Bilelikdäki Beýanata gol çekdiler, oňa Özbegistan hem goşuldy. ... D O W A M Y - دوامـــی

1 comment:

  1. 2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 20-sinde Moskwada gol çekilen hökümetara ylalaşyk taraplaryň bilelikdäki taslama gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady, ol netijeli hyzmatdaşlyk üçin hakykatdan-da çäksiz, ýagny uglewodorodlaryň ägirt uly ätiýaçlyklary boýunça hem, üstünden geçiriş kuwwatlyklary boýunça hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan öňden gelýän hyzmatdaşlaryň milli we umumy bähbitleriniň optimal deňeçerliginiň esasynda gurulýan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrdy.

    Şeýlelik bilen, aradan ýarym ýyldan sähelçe gowrak wagt geçensoň, bir tarapdan, energiýa taýdan sygymly Ýewropa bazaryna tebigy gazy iň köp eksport edijiler hökmünde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň aralaşmagyny giňeltmäge, beýleki tarapdan bolsa, döwletleriň birleşen turba geçiriş ulgamlaryny ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarmaga, galyberse-de, Hazar sebitiniň nebitgaz infrastrukturasynyň ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslama anyk suduryna eýe boldy. Sebitiň iňňän baý ýataklary taslamanyň peýdasyna iň esasy delilnama bolup hyzmat edýär.

    HAZARÝAKA GAZ GEÇIRIJI LINIÝA ÝYLDA 25 MILLIARD METR KUB TÜRKMEN GAZYNY DÜNÝÄ BAZARYNA IBERER.

    Gol çekilen resminamanyň Russiýa we Gazagystan tarapyndan taýýarlanylan degişli tehniki-ykdysady esaslandyrmalary, şeýle hem geçirilen inženerçilik-geologik gözlegleriň netijeleri, kompressor stansiýalarynyň (KS) we hereket edýän Orta Aziýa-Merkez-III gaz geçirijisiniň ýagdaýynyň bilelikdäki barlaglary esasynda taýýarlanylandygyny bellemek möhümdir. Ýylda 25 milliard met kub türkmen gazyny eksport etjek taslamany durmuşa geçirmegiň esasy häsiýetnamalaryny we grafigini kesgitläp, ylalaşyk ähli guramaçylyk, hukuk, maliýe we beýleki möhüm şertleri belleýär, olar türkmen tebigy gazynyň satylmagyny düzgünleşdirýär, tebigy gazyň barha artýan möçberiniň ygtybarly geçirilmegini üpjün etmäge gyzyklanýan taraplaryň bilelikdäki borçnamalaryny hasaba alýar.

    Ähli işleriň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi üçtaraplaýyn işçi topary amala aşyrar, türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça Döwlet agentligi wekilçilik edýär. Ony ýerine ýetiriji hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserni bellenildi. Gurluşygy amala aşyrmak boýunça gazanylan ylalaşyga laýyklykda, her ýurt gaz geçirijiniň öz çäklerinden geçýän uçastogyny özbaşdak gurýar, bu işe «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni hem çekilýär. Taslamanyň dürli ugurlary—kompressor stansiýalarynyň bar bolanlarynyň durkuny özgertmegi we täzeleriniň gurluşygyny hem gazy taýýarlamak boýunça desgalary, gaz geçirijiniň tutuş uzynlygynda elektrohimiýa goragynyň ulgamyny döretmegi we beýleki köp işleri öz içine alýandygyny hasaba almak bilen, bu işe beýleki gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar—ýörite halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan potratçylar we turbalary hem enjamlary iberijiler çekilýär.

    Öňki hereket edýän gaz geçirijisi ýaly, täze gaz geçiriji hem Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndan geçer. Türkmen uçastogynyň uzynlygy—Belek-Garabogaz-Gazagystanyň serheti aralygy—290 kilometre golaýdyr. Gazagystanyň çäklerinde—Beýnew-Orta Aziýa-Merkez-III bölegi Orta Aziýa-Merkez-IV bilen sepleşýär we rus-gazak serhediniň golaýynda ýerleşýän Aleksandrow Gaýda Russiýa Federasiýasynyň gaz geçiriş ulgamyna goşulýar.

    Hereket edýän gaz geçirijiniň durkuny özgertmek we täze gaz geçiriji arteriýanyň gurluşygy gaz geçiriş ugurlarynyň häzirki bar bolanlarynyň mümkinçiliklerini aňrybaş ýokary derejede işe girizmäge we olaryň umumy geçirijilik ukybyny türkmen tebigy gazynyň 20 milliard kub metrini geçirmäge çenli artdyrmaga mümkinçilik berer, şonda ylalaşyk şol kuwwatlyklaryň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutýar.

    Öz tarapyndan Ýewropa barýan ugurda öz gazynyň eksport möçberini artdyrmaga gyzyklanýan Türkmenistan «mawy ýangyjy» taýýarlamak boýunça hem öz üstüne borçnamalar aldy. Hazaryň deňiz ýataklaryndan we gury ýerdäki iň iri gaz ýataklaryndan turba arkaly iberilýän gaz dünýä hil standartlaryna doly laýyk geler. Mysal üçin, diametri 1020 millimetre barabar bolan turbada basyş mydama 75 atmosfera derejesinde saklanar. Mundan başga-da, hereket edýän Orta Aziýa-Merkez-III gaz geçirijisiniň durkuny özgertmegiň taslamasynyň çäklerinde turbalar bölekleýin tertipde çalşyrylar we uçastogyň iki tarapynda-da-Belekde we Gazagystanyň serhedinde-kompressor stansiýalarynyň durky özgerdiler.

    Web Resource: Türkmen Döwlet Habarlary Teswirlemesı

    ReplyDelete