Thursday, May 08, 2008

AZAT EUROPA WE AZATLYK RADIOSYNYÑ ÝOLBAŞÇYLYGYNA

AÇYK HAT
2008-05-10Türkmen halky we türkmen medeniýeti XX asyrda stalinizmden agyr zulum gördi. Öz ilat sanyna görä gatnaşykda alanyñda, Türkmenistan stalinçilik repressiýalardan SSSR-de iñ köp adam ýitgisini çeken respublikadyr.
Millet hökmünde biziñ ýitgilerimiz diñe munuñ bilen çäklenmeýär. Stalinizm türkmenleriñ ruhy gymmatlyklaryna-da agyr talañ saldy. Orta asyrlardan bäri arap elipbiýini ulanyp gelen türkmenler 1927-nji ýylda meýletinlikde latyn elipiýine geçdiler. Netijede 30-njy ýyllaryñ ahyryna çenli Türkmenistanda ylym-bilim giñişleýin kök urdy. Türkmen-latyn ýazuwynda ýüzlerçe kitaplar, gazet-jurnallar çap edildi. Sowatsyzlygyñ esasan soñuna çykyldy.

Emma soñra 1940-njy ýylda Staliniñ buýrugy boýunça, ähli türki dilli respublikalar, şol sanda Türkmenistan hem, ors grafikasynyñ esasynda döredilen elipbiýe zor bilen geçirildi. Bu bolsa, ýurtda ýañy ýola düşen okuwa, bilime agyr urgy boldy. Halkyñ sowatlylyk derejesi aşak gaçdy.
SSSR ýykylyp, 1991 ýylyñ 27-nji oktýabrynda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edensoñ, öñdebaryjy türkmen intelligensiýasynyñ tagallasy bilen türkmen hat ýazuwy gaýtadan latyn grafikasyna geçirildi. S.Nyýazovyñ rejimi bu progressiv çäräni amala aşyrmaga mejbur boldy. Netijede türkmenleriñ ýaş nesli eýýäm 15 ýyl bäri mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda latyn-türkmen elipbiýinde sowat öwrenýärler.
Komputer eýýamynda, çylşyrymly Günbatar tehnologiýasynyñ durmuşa we önümçilige barha giñden, çuñdan ornaýan döwründe Türkmen ýazuwynyñ latyn grafikasyna geçirilmegi oñaýly ädim boldy. Aýratynam türkmen ýaşlary bu reformadan uly utuş gazandylar. Sebäbi olar üçin komputerleri we komputer tehnologiýasyny özleşdirmek, ulanmak has añsatlaşdy.
Türkmenistanda latyn grafikasyna geçilmegi diñe bir Türkmenistanyñ öz halky üçin däl-de, eýse tutuşlygyna dünýä türkmenleri üçin hem örän peýdaly boldy. Çünki latyn elipbiýi olar üçin umumy elipbiýe öwrüldi. Bu bolsa, dünýä türkmenleriniñ arasyndaky medeni gatnaşyklary has añsatlaşdyrdy we ýygjamlaşdyrdy.
Emma Türkmenistanda bu özgerişi yzyna gaýtarmaga synanyşýan güýçler bar. Olar merhum diktator S.Nyýazovyñ döwründe latyn elipbiýinde kitaplaryñ az çykarylanlygyny tutaryk edinip, türkmen ýazuwyny ýene-de kiril elipbiýine geçirmegi maksat edinýärler.
Bu adamlar türkmen milletiniñ geljegine töwerekleýin däl-de, eýse öz dar egoistik bähbitlerinden ugur alyp çemeleşýärler. Iñ erbedi-de, olar öz öñe sürýän şowakör ideýalary amala aşsa, türkmen milletine, medeniýetine, diline nähili agyr urgy boljakdygyny düýbünden göz öñünde tutmaýarlar. Emma dil we edebiýat ugrundan bilermenleriñ tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Türkmen ýazuwyny kiril elipbiýine gaýtadan dolamak – bu Türkmenistanda sowatlylygy uzak möhletleýin ýok etmek bilen barabardyr!
Muña garamazdan, şeýle ideýany yzygiderli öñe sürýän adamlar bar. Olar dürli derejelerde öz pikirlerini geçirmäge synanyşýarlar. Hut şeýle çykyşlaryñ biri ýañy-ýakynda, ýagny 2008 ýylyñ 30-njy aprelinde we 1-nji maýynda ”Azatlyk” radiosyndan efire berildi. Nazar Hydaýberdiýewiñ taýynlan gepleşiginde hiç bir alternativ ýa-da tankydy belliksiz çykyş etdirilen Aşyrguly Baýryýew kiril elipbiýini öwüp, latyn elipbiýini ýerliksiz tankytlady. Haýsydyr bir ”adyny aýtmakdan saklanan” näbelli adamlara salgylanyp, ol türkmen-latyn elipbiýiniñ ähmiýetini peseltmäge synanyşdy. A.Baýryýewiñ sözlerine görä, türkmen-latyn elipbiýi adamlaryñ kellesini agyrdýarmyş, kirill elipbiýi welin, beýle dälmiş. Nazar Hudaýberdiniñ şeýle häsiýetdäki çykyşlary efire berşi ilkinji gezek däl.
Bu ýagdaý ýurduñ içindäki we daşary ýurtlardaky türkmen intelligensiýa wekillerini, şol sanda bizi hem, ynjalykdan aýyrýar. Çünki Türkmenistan ýaly söz, metbugat azatlygy ýok ýurtda beýle ideýanyñ öñe sürülmegi örän howpludyr. Türkmenistanyñ prezidenti G.Berdimuhammedova ýakyn aradan ýetirilen şeýle nädogry pikiriñ ýol alyp, türkmen ýazuwyny gaýtadan kirile geçirmeli diýen ýalñyş netijä gelinmegi ahmaldyr.
”Azatlyk” radiosynyñ tribunasynyñ şeýle ters maksatlar üçin ulanylmagy bizi uly alada goýýar.
Hormat bilen:Dr. Berdi Ahangari
Dr. Hangeldi Ownuk
Ak Welsapar, ýazyjy
Ýusup Kor
Bibi Sara Atamuradi
Taşli Kor
Annadurdy Hajyýev
Täjigül Begmedova, adam hukuklaryny goraýjy
Hajy Muhammed Kor
Rahmanberdi Agaýev
Merjen Kor
Aman Beşarati
Sukhan Kor
Täji Talibi
Juma Wahedi
Dawut Agzamov
Shahpour Davadji
Yakob Garagol
Naz Mohammad Fasihi
Anna Rahmanova, şahyr
Şamyrat Gulamov
Mäti Wakili
Timur Kor, turkmenkultur.com-saýtynyñ müdiri
Pendi Akmämmet, hudojnik
Wekil Teke, hukuk wekili ......
Şu açyk haty goldajak arkadaşlar Eyran Türkmenlerining Medeni we Syyasy Ojagynyng email addresleri bilen atlaryny yglan edip bilerler!

No comments:

Post a Comment