Sunday, June 01, 2008

Louisa şöhrat - G. Hoja - لوئــیزا شـهـرات - شاعیر غفور خوجه

Lousa Xanym
Louisa şöhrat
(Turkmen atlaynyny jandan
eý görýän,tanymal atşynas
we Zähmetkeş ynsan, amerikaly
zenan
Louise Firooz a bagyşlanýar .)

Atlar
toýnak sesin köşeşdirdiler,
aýny sogrulan dek enäň höwründen.
Louis-anyň soňki hoşlaşygynda,
Kişňäp galdy
Taýçanaklar böwründe . ....
Diňe taýçanaklar[1] , gunanlaram[2] däl.
Ekiş meýdanlarda,
Yrap başyny
Hoşalar hoşlaşdy .
Taýdy köşekler
sakyndy Iner,
Öýkeli tumşugun
Tutup asmana ,
Maýalar bozlaşdy.

Iňredi aşyk,
Aşygy atyň.
Aşygy ýoluň .
Aglady seýisler
Gam basdy sährany .
Togtady aýlam ,
Aglady ýaýlam .

Eý düýpsiz ýodalaň
Çatrygy telim!
Eý kalby şarlawuk ,
Eý göwny seýlim!

[1] Bir ýaşa ýetmedik taý
[2] Iki-üç ýaşly erkek taý 
 
Haýsy ýollardan ,
Bu ymgyr sährany
Saýladyň sonam ?.
"Bedew çöl içinde ,
Göwher kölde dir".[1]
Eý sen bedewlere ysnyşan aýal!
Çöllermiň göwheri
Loýisa enem .

Meň sogrulan
Ganatymy , atymy
Dolandyrdyň bynyadyma,örküme ,
Çar paýa galdydyň
Bedewlerimi .
Gözüm ýetdi
Ýyndam çapjak erkime .

Sen ummasyz ýoldan
Geilip sahramda ,
Şol erklige söýenmegi ögretdiň.
Hiç bir zada
deňäp bilmerin seni ,
adam salykatly[2] aty döretdiň!.

Seň kalbyň arassa
Tolkunan aý deý.
Hamraklykda düýpsiz giden ummandyň .
(Aýlamçadan ,aýlamlardan, Şöhratdan ) ,
Bu zatlardan ozal
Dogan ynsandyň.

Ýene çapar
Aýlamlar-da bedewler
Gylýallardan[3] birje çapjak at bolsa
Ýer şaryn-da buýsanji dir türkmeniň
Eger her bir halka bir şöhrat bolsa .

G.Hoja 31/maý/08
[1] Atalar nakyly
[2] Edepillik,ýerliklilik
[3] Atýň ähli jinsini öz içine alýan at
------------------
Çykgytlar:
[1] Bir ýaşa ýetmedik taý
[1] Iki-üç ýaşly erkek taý
[1] Atalar nakyly
[1] Edepillik,ýerliklilik
[1] Atýň ähli jinsini öz içine alýan at