Friday, June 20, 2008

Türkü Dünyəng Beyik yazyjysy Çengiz Aytmatowa! تورکی دونیأنگ بییک یازیجیسی چنگیزآیتماتووه

A. Welisapar
AKYLLARYÑ HEM DUÝGULARYÑ SOLTANY
Çingiz Aýtmatowyñ ýagty ýadygärligine
Aky Welsapar -Dünýä edebiýatynyñ klassygy, beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow aradan çykdy. Bu diñe bir gyrgyz edebiýaty, halky üçin däl-de, eýse bütin adamzat medeniýeti üçin örän uly ýitgidir. Çünki Çingiz Aýtmatow diñe bir gyrgyz halkynyñ, gyrgyz edebiýatnyñ aladasy bilen ýaşamazdy, ol külli adamzadyñ aladasy bilen ýaşan, işlän, oýlanan we döreden adamdy.
Çingiz Aýtmatow ozalky SSSR-iñ iñ uly, iñ şöhratly ýazyjylarynyñ biri boldy. Ähli sowet okyjylary geçen asyryñ 60-70-80-90-njy ýyllarynda onuñ her bir täze eserine sabyrsyzlyk bilen garaşardylar....
Sebäbi onuñ her bir täze eseri sowet halkyna ruhy täzelik getirerdi, sowet edebiýatyny täze bir belentlige götererdi, biziñ ýurdumyzda daşyna çyzyk çekilen söz azatlygynyñ gerimini azajygam bolsa giñelderdi.
Çingiz Aýtmatow öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatyny-da göz-görtele baýlaşdyrdy. Onuñ eserleri dünýäniñ iñ uly dillerinde onlarça million ekzemplýar tiraj bilen çap edildi. Ýer togalagynda onuñ tanalmaýan, okalmaýan ýurdy ýok. Onuñ ady geçen asyryñ 60-njy ýyllaryndan bäri biziñ döwrümiziñ iñ beýik hem iñ kän okalýan ýazyjylarynyñ arasynda tutulyp gelinýär. Bu, elbetde, geljekde-de, hökman şeýle bolar. ... Dowamy - دوامـــی