Thursday, October 23, 2008

BAKYLYKDAN—BAKYLYGA - باقی لئقدان باقی لئغا

Yazyjy: Maya Samizade - - مایا سمیع زاده
Çagalykda garry enelerimiziň dyzlaryny ýassanyp diňlän ertekilerimizdäki ``bakylyk çeşmesiniň ``dury suwuny içen gahrymanlaryň hiç ölmejekdigi bizi rahatlandyrýardy. Çaga akylymyz bilen olaryň şu günlerem ýaşaýandygyna ynanýardyk`olara bir ýerlerde duşmagy arzuwlaýardyk.Halkyň söýgüsini gazanyp olaryň agysyna aglan` toýuna begenen gahrymanlaryň ``bakylyk çeşmesinden ``suw içendiginden bihabar duşmanlar olary öldürmegiň dürli ýollaryny tapsalarda olaryň niýeti päli başa barmaýardy.Şeýdibem watan gahrymanlary ýaşaýardylar `bakylykdan bakylyga barýardylar... Indi görüp otursam ``bakylyk çeşmesiniň dury suwy`` ynsan ömrüniň nähili ýaşandygynyň hasabaty eken.Ynsan beýik taňrydan özüne berilen ömür paýyny halkyň ykbaly bilen baglasa ol biguman bakylyga gidip ölümsiz gahrymana öwrüljek eken. Muny biz gyrgyz Ýazyjysy` ynsanlaryň ýüreginiň aýdymçysy `bakylyk çeşmesinden gana –gana içen Çengiz Aýtmatowda görýäris. ...Dowamy - دووامی

2 comments:

  1. Agy garany saýgaryp durmuşy kitapdan öwrenip başlalymyz bäri meniň we deň-duşlarymyzyň elimizden düşmedik kitaplar Çengiz Aýtmatowyň eserleridi. ``Jemile``-``Ilkinji mugallym``-``Ene toprak``-``Botagöz``-``Hoş gal Gülsary``-Ak gämi``-``Ir gelen durnalar``powestlerini gör näçe gezekler okap –ruhy dünýämizde olaryň gahrymanlaryna orun beripdik.Olardan ynsanperwerligi-asyllylygy-namyslylygy-sadalygy-wepalylygy öwrenipdik.2-nji jahan urşunyň ýaraly yzlaryny biz hem görmäge ýetişipdik.Ojaklary öçen ýalňyz zenanlary`maýyp erkek adamlary `ýurdundan aýrylan keç ykballylary görenimizde bizden çärýek asyrlykda öň ýaşalan uruş belasy biziň göz öňümizde janlanýardy.Uruş belasyny gözümiz bilen görmesegem uruş awuly ýürekleri gör naçe JEMILELERI DOLANAÝLARY ALTYNAÝLARY SEÝDALARY görüpdik. Şol sebäpli Çengiz Aýtmatowyň ýazan eserleri diliniň halka ýakynlygy ýönekeýligi hakykatçyllygy bilen halkyň aňynda ornady.Ýazyjynyň döredijilik batyrgaýlygy galamynyň ýitiligi bilen ýazylan eserleriň biri hem Jemile powestidir.Bu esere fransuz ýazyjysy Lui Aragon ``Meniň üçin ``Jemile dünýäde söýgi hakynda ýazylan iň ajaýyp eserleriň biridir`` diýip ýokary baha beripdir. Dogrudan hem Jemilede diňe bir gyrgyz gelininiň däl – asyl şol döwürlerde aýal maşgalany pes orunda gören ähli halklaryň gelinleriniň obrazlary janladyrylypdyr.Uruş döwrüniň kyn güzaranly günleri – şadyýan degişgen Jemiläni özgerdýär. Adamsynyň uruşdan ýazýan hatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan Jemile gelen hatlardan hiç hili mähribanlyk söýgi duýmaýar. Sebäbi däp-dessurlar girdabyna gark bolan adamsy jemiläniň söýgi mähir isleýän arassa kalbyndan bihabar. Ýaş gelniň idealy uruşdan gaýdyp gelen Daniýar bolýar. Adam mertebesiniň `ynsan söýgüsiniň adamkärçilikli suratlandyrylmagy `adamyň ruhy kämillige tarap barýan ýolda kyn öwrümlerini açyp görkezmekde ýazyjynyň ussatlygy uly üstünlik gazanypdyr. Çengiz aýtmatow bu eserinde diňe bir gyrgyz gelininiň däl ähli gelinleriň eşidýän we borç hökmünde öňünde goýlan wezipesini şeýle sözler bilen beýan edipdir.gaýyn enesi Jemilä ``Gyzym allaga şükür et.sen berk we bagt getiren öýe düşdüň.Bu seniň bagtyňdyr.Aýalyň bagty çaga dogurmakdyragzy aşa ýetmegidir.Hudaýa şükür biz näme gazanan bolsak saňa galar `biz garrylar olary gabrymyza alyp gidesimiz ýok.Ýöne bagt namysyny we mertebesini päk saklaýan adamlar bilen bolýandyr.Şuny berk ýatda sakla –päkligiňi gora`` Bu sözlere wepaly bolmak üçin Jemile zähmetde özüni gaýgyrmaýar.Emma içki dünýäsine ýetmeýän mähir muhabbete ýetmeklik üçin öz duýgusyna mynasyp adamsyna duşmagy we özüni bagyşlamak üçin batyrgaý hereket etmegi bu Orta Aziýa dünýäsinde täzelikdi. Bu täzeçilligi ýazyjy belent päk söýgüniň üsti bilen beripdir.
    Şeýle beýik eserleri döreden ýazyjymyz bu gün aramyzdfa ýok. Emma Türkmeniň pähim paýhaslaryndan galan mirasymyzda adama şeýle aýralyk günlerinde ýüregine kuwwat bermek däbi bar. Özüde söz bilen. Bir adam ýalançydan ötende oňa aňsat-aňsat türkmenler öldi ýa-da aramyzda ýok diýenoklar.Oňa ýalançydan baka gidipdir.Ýa-da dünýeden gaýdypdyr.Amanadyny tabşyrypdyr diýýärler. Bu gün biziň söýgüli ýazyjymyz hem amanadyny tabşyryp baka gidipdir.Sebäbi ol dirilik suwuny içen gahrymandyr.Ol halkyň ýüreginde ýaşar ýaşaýar.Ol mydama şer-adalatsyzlyk-biwepalyk-namartlyk-ýowuzlyk bilen barlyşyksyz göreşde biziň kalbymyzda öz orunynda durar.

    Web Resource: Altyn Gupba - آلتئن قوپبا

    ReplyDelete
  2. Hello from Japan!

    ReplyDelete