Monday, November 03, 2008

AÇYLMAN-SOLAN-ROZA *** آچئلمان ســولان روُزه

Maya Samizade - مایا سمیع زاده
Türkmenistanyň ýaş alymy, medisina ylymlarynyň kandidaty, Kardiologiýa
Merkeziniň lukmany Roza Atabaýewa 44 ýaşynyň içinde ýol heläkçiliginde
aradan çykdy.Iň ýakyn boýdaşym hakda ajy ýazgylarym...
Şol gün uzynly gün asman hem aglapdy...Asmanyň gözýaşy topraga siňip-siňip topragy mahmal ýaly ýumşadypdy. Asyl görüp otursam, ASMAN seniň ýatjak ýeriňi öz gözýaşy bilen ÝUMŞADÝAN ekeni.Şol gün seni Ene toprak öz gujagyna gysyp manyly gysga ömrüň hakdaky iň soňky hüwdüsini aýtjak ekeni....
Sen bolsa tebigatyň özüň üçin aglaýanyndan bihabar –hyýalyňda arzuwlaýan perzendiňi gujagyňa gysyp barýardyň..Haýp, bu ene bolmak bagty saňa ýetdirmedi. Üwreljek salançak seniň tabydyň boldy-hüwdülenjek hüwdi saňa aglanan agylarymyz boldy... Ezraýyl seniň ölüm hakdaky permanyňa möhürini basan ekeni.
Ýoldan barýan howlukmaç sürüjiniň hatasy bilen ömür tanabyň üzüldi.Seniň arzuwlap okan, zähmet bilen ýeten asylly käriň bu gün- SENSIZ.Aşgabadyň medisina inistitutyny gyzyl medal bilen tamamlap ,Moskwanyň Medisina Akademiýasynda Lihaçýowanyň ýolbaşçylygynda alan, Medisina ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejäň seniň doganlaryňy, eneňi ,obadaşlaryňy, Daşhowuzyň Tagta etrabynyň adamlaryny guwandyrypdy.Emma olara uzak bu bagta guwanmak nesip etmedi. Sen olara ölüm atly ajy aýralygy hem ``dadyrdyň``...
Sen hakdaky ýagşy ýatlamalarym kalbymda püre-pür.Emma bu wagt olaryň birini-de ýazmak islemeýän. Sebäbi men häzir seni ýatlamaga taýýar däl. Sen entek biziň üçin ýatlamalara öwrüleňok mähribän Rozajan.Wagt maňa seniň ýoklugyňy ynandyran güni sen hakda ýazmaga söz berýän...
Mähribän boýdaşym! Gadyrdan dostum! Sen mydama meniň we seni tanaýanlaryň ýüreginde ebedi ýaşarsyň! Jaýyň jennet bolsun!
WEb: Altyn Gupba
----------------------------------------------
آچئلمـان سولان روُزه !.ه
ترکمنیستانئنگ یاش عالئمی، مدیسینا علئملارئنئنگ کاندیداتی، کاردیولوگیا مرکزینینگ لقمانی روُزه عطایووا 44 یاشئنئنگ ایچینده یول هلأکچیلیگینده آرادان چئقدی. اینگ یاقئن بویداشیم حقدا آجی یازغئلارئم.ه
شول گون اوزینلی گون آسمان هم آغلاپدی.. آسمانئنگ گؤزیاشی توپراغا سینگیپ – سینگیپ توپراغی ماخمال یالی یواشادئپدی. آصئل گؤریپ اوتورسام، " آ ســــــمـــا ن " سنینگ یاتجاق یرینگی اؤز گؤزیاشی بیلن " یــومــوشـــاتــیــان" اکنی. شول گون سنی انه توپراق اؤز قوجاغئنا غئسئپ معـنیلی غئسغا عمرینگ حقداقی اینگ سونگقی هودیسینی آیتجاق اکنی..ه
سن بولسا، طبیغاتئنگ اؤزینگ اوچین آغلایانئندان بی خبر- خئیالئنگدا آرزولایان پرزندینگی قوجاغئنگا غئسئپ باریاردئنگ. حایپ، بو انه بولماق بختی سانگا یتدیرمه دی. اورلجک ساللانچاق سنینگ تابئدئنگ بولدی – هوودیلنجک هوودی سانگا آغلانجاق آغئلارئمئز بولدی. ... عزرائیل سنینگ اؤلیم حقداقی پرمانئنگا مؤهور باسان اکنـــی.ه
یولدان باریان هولوقماچ سوریجینینگ خاطاسی بیلن عمر طاناپئنگ اوزیلدی. سنینگ آرزولاپ اوقان، زأحمت بیلن یتن آصئللی کأرینگ بو گون – " ســـنـــســـیــز" عشق آبادئنگ مدیسینا اینستیتوتئنی غئزئل مدال بیلن تماملاپ، ماسکووانئنگ مدیسینا آکادمیاسئندا لیخاچیووانئنگ یولباشچئلئغئندا آلان، مدیسینا علئملارئنئنگ کاندیداتی عالئملئق درجأنگ سنینگ دوغانلارئنگی، انه نگی، اوباداشلارئنگی، داش اوغوزئنگ تاغتا اطرابئنئنگ آداملارئنیقوواندئرئپدی. امّا اولارا اوزاق بو بختا قووانماق نصیپ اتمه دی. سن اولارا اؤلیم آتلی آجی آیرالئغی هم " دادئردئنگ. ...ه
سن حقداقی یاغشی یاتلامالارئم قالبئمدا پوره – پور . امّا بو واقت اولارئنگ بیرینی – ده، یازماقایسله مه یأن. سبأبی من حأضیر سنی یاتلاماغا طاییاردأل. سن انتأک بیزینگ اوچین یاتلامالارا اؤوریلنگوق مأهریبان روُزه جان! واقت مانگا سنینگ یوقلوغئنگی ائناندئران گونی سن حقدا یازماغا سؤز بریأرین. مأهریبان بویداشیم! قادئردان دوستیم! سن مئداما منینگ و سنی تانایانلارئنگ یورگینده ابدی یاشارسئنگ! جایئنگ جنّت بولسین!. ...ه
وبلاگ آلتئن قوپبا

No comments:

Post a Comment