Tuesday, November 04, 2008

Türkmenistan Döwletiniň Garaşsyzlyk Güniniň Ba‎ỳramy


Toronto şäherinde, Canada Türkmenleriniň Umumy Birleşen Jemgyỳetiniň Merkezi tarapyndan, bütin dünỳä Türkmenleriniň milli baỳramy hökminde uly dobara bilen Toỳlandy.
*************
October aỳynyň 31-i güni, Kanada Fedrassiyasynyň Toronto şäherinde ỳaşaỳan Türkmenler Garaşsyz Türkmenistan Jemhuriyetiniň 17-nji ỳyl özbaşdaklygyny toỳ-baỳram dabarasy bilen bellediler. Bu baỳramçylyga bütin dünỳä türkmenlerinden, Yrakdaky - Kerkuk Türkmenleriniň yolbaşçy wekilleri we dürli jemgyỳetleri şeỳle hem Eỳrandaky milletleriň wekilleri: Güneỳ Azerbayjan Türkleri, Bluç, Al-Ahwaz Araplary we Pars-Lor milletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar bütin dünỳä we aỳry-aỳry döwletlerde ỳaşaỳan Türkmen milletleriniň adyndan, Türkmen Milli Garaşsyzlygy barada uly gyzyklanmalar döredip, gyzykly çykyşlary ỳerine ỳetirdiler. Bu baỳramçylyk Kanada-da ỳaşaỳan Türkmenleriň milli buỳsanjy hökmünde Türkmen ruhy baỳlyklaryny belentlige göterdi. Bu oturşykda Türkmen we beỳleki milletleriň aydym-sazly çykyşlary örän ỳerlikli we gyzykly ỳerine ỳetirildi. Bu Türkmen at-abraỳly oturşykda, Bütin dünỳä Türkmen milletleriniň wekilleri: - Mundan beỳläk-de her bir Türkmen milletine degişli we bellik edilen Türkmen Milli Günlerini bellemek hakynda karara geldiler. Baỳramçylykda ỳerine ỳetirilen aỳdym-sazlar we dürli myhmanlaryň çykyşlary, ỳakyn günlerde düşirilen surat yazgylary bilen köpçilige hodirlener.
Canada Türkmenleriniň Umumy Birleşen Jemgyỳetiniň Merkezi.
Universal Union of Canadian Turkmen Community Centre.