Monday, December 15, 2008

Annasoltan Kekilowanyn 25 yyllygyna bagyşlanan surat we bir makala

GARAGUMDA BITEN GÜL
Annasoltan Kekilovanyñ keç ykbaly
Makala: ШВЕТЦЯ - Ak Welisaparow
Annasoltan Kekilowanyn təze işlenen suraty: Dr. H. Ownuk - Toronto

Host unlimited photos at slide.com for FREE!
Annasoltan Kekilova 1942-nji ýylda Aşgabady alkymlap oturan Köşi obasynda dogulýar. Annasoltanyñ aýratyn zehinlidigi ýaşlykdan bildiripdir, ilkinji goşgularyny ol entek mekdep okuwçysyka ýazypdyr. Annasoltanyñ iñ wepaly okyjysy we diñleýjisi ejesi Ogulgerek eken. Ogulgerek daýzanyñ özi-de örän şahandaz aýal bolupdyr. Ol könelerden galan goşgulary öz çagalaryna ýatdan aýdyp berer eken. Ýaşajyk Annasoltanyñ şahyr bolup ýetişmeginde ejesiniñ täsiriniñ uly bolandygyny Annasoltanyñ: ”Sen maña erteki ýaly aýdymlaryñ bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdiñ, eje jan. Sen meni gök asmanyñ astynda öz patañ bilen uzak ýollara atardyñ. Şonuñ üçinem seniñ öñüñde dyza çökýärin…” diýen setirlerinden bilse bolýar.

Annasoltanyñ ady dili düşýär, respublikanyñ gazet-jurnallary onuñ ýönekeýden owadan setirlerini höwes bilen çap edýärler. Ol öz ilkinji goşgularynda önüp-ösen obasynyñ, daglaryñ gözelligini wasp edýär. Emma siñe syn etseñ, şol irki goşgularynda-da Annasoltanyñ eýýäm dünýäniñ gurluşy baradaky oýlanmalary ýüze çykýar. Ol tebigaty diñe synlap ýa-da wasp edip oñmaýar, tebigatyñ üsti bilen käbir filosofiki pikirleri öñe sürmäge synanyşýar. ”Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar” diýmesi onuñ şahyr ýüreginde irgözünden dörän haýsydyr bir ünjüden habar berýär. Ol öz ýüregindäki ünjüni daglar, agaçlar, guş-gumursy bilen paýlaşmak, olar bilen derdinişmek isleýär:
Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly,
injirli gözel bagy bar.
Basym onuñ goşgulary gazet-jurnallaryñ sahypalarynda görnüp ugraýar. Türkmen Döwlet Universitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girensoñ ýaş şahyryñ goşgularynyñ çap edilmegi adaty zada öwrülýär. Şol döwürde onuñ goşgulary ”Mydam taýýar”, ”Ýaş kommunist”, ”Edebiýat we sungat” gazetlerinde ”Sovet Türkmenistanynyñ aýallary” jurnalynda çap edilýär. Annasoltanyñ edebiýatda ilkinji ädimleriniñ şowly bolmagynda onuñ meşhur Şaly we Aman Kekilovlaryñ maşgalasyndan bolmagy, elbetde, täsir edýär, oña şübhe ýok. Ýöne, görnüşine görä, Annasoltan hiç haçanam Kekilovlaryñ maşgala şöhratyna ýaplanyp, añsadyna bakmakçy bolmandyr, edebiýatda-da, durmuşda-da öz ýoluny gözläpdir. Muny şahyryñ aşakdaky setirler doly subut edýär:

Eger-de meñ boljak bolsa duşmanym,
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüñi oklanyñ oda.

ŞAHYRYÑ ÜÇ ADY
Annasoltan Şaly we Aman Kekilovlaryñ iñ uly agasy Seýit Kekilovyñ körpe gyzy. Şol sebäpdenem onuñ ilkinji goşgulary Seýidova familiýasy bilen çap edilýär. Türkmen Döwlet Universitetine okuwa girensoñ, ol 19 ýaşynda durmuşa çykýar we şondan soñ goşgularyny Ylýasova familiýasy bilen çap etdirýär. Emma 1968-nji ýylda, adamsy bilen aýrylyşansoñ, ol öñki ”Seýidova” diýen gyz familiýasyna dolanman, öz kakasynyñ familýasyny alyp, Kekilova bolýar.
Annasoltan Kekilowa
Bu örän gyzykly fakt. 1983-nji ýylda bu barada ýaşuly türkmen terjimeçileriniñ biri maña şeýle gürrüñ berdi: ”Annasoltan baradaky ýakymsyz gürrüñler ol ”Mydam taýýar” gazetinde işleýärkä çýkyp ugrady. Oña birde ”syýasy taýdan yrga goşgy ýazýar” diýdiler, birde ”gözilginç geýinýär, birde-de gözilginç gezýär” diýdiler, garaz, ady ile doldy. Ýöne Aman Kekiliñ abraýy uly bolansoñ, esli wagtlap oña kän azar bermediler, agasy Aman Kekiliñ üsti bilen ony ýuwaşatjak boldular. Ilkibaşda goşgularyny, kitaplaryny-da gadagan etmediler. Soñ halys bolmansoñ, hökümediñ adamlary Aman Kekile ”eger siziñ özüñiz oña erk edip bilmeseñiz, onda biz çäre görjek” diýpdirler. Emma Annasoltan agasynyñ sözüni diñlemändir, onuñ göwnüni ýykypdyr. Onsoñ olar gatyrganyşypdyrlar. Aman Kekil oña: ”Eger şu wagt meniñ diýenimi diñlemeseñ, soñ menden kömege garaşma” diýipdir. Soñ onnoñ Annasoltanyñ ýagdaýy bulaşdy gidiberdi. Tiz wagtdan ol ”Mydam taýýardan” işden kowuldy. Annasoltanyñ işi has bulaşyberensoñ, Aman Kekiliñ maşgalasy ”Annasoltan bizden däl” diýip, garyndaşlykdan boýun gaçyrýarlar. Ana, onsoñ Annasoltanam şonda gahar edip, ”siz eýtseñiz, menem beýderin” diýip, alagada Kekilov familiýasyna geçdi oturyberdi…”

 
ILKINJI KITAPLARY
1968-nji ýylda onuñ ”Zenanlar” atly birinji goşgular kitaby çap edilýär. Kitap okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylansa-da, resmi syýasatyñ islegine duýgur edebi tankytçylar ýaş şahyryñ kitaby barada artykmaç gowy sözleri aýtmakdan saklanypdyrlar.
Annasoltan öz goşgularyny rus dilinde çap etdirip, okyjaylarynyñ auditoriýasyny giñeltmäge ymtylypdyr. Goşgularyny onuñ hut özi türkmençeden rusça sözme-söz terjime edipdir. Moskvada kollektiv ýygyndyda çap edilen goşgularyndan onuñ sözme-söz terjimeleriniñ hiliniñ gowy bolandygyny añsa bolýar.
Annasoltana hakyky şahyrlyk şöhraty 1971-nji ýylda ”Gara saçlarym” atly ikinji kitaby çap edilensoñ gelýär. Ýöne, arman, ol bu şöhratyñ hözürini uzak görüp bilmeýär. Öz sözlerine düzülen aýdymlary diñläbem lezzet almaga onuñ eli degmeýär. Ol wagt eýýäm ”antisovet pikirleri bar” diýen şübhe bilen onuñ yzyna çynlakaý düşülipdir.


ÝÜREK AGLAR GÜN-GÜNDEN…
1970-nji ýylda Annasoltan ilki Türkmenistan kompartiýasynyñ Merkezi Komitetine arza bilen ýüz tutýar, özüne nähak ýere gysyş görkezilýändiginden zeýrenýär. Emma netije çykmaýar. Onsoñ ol 1971-nji ýylyñ 30-njy martynda Moskvada başlanan SSKP MK-nyñ nobatdaky XXIV gurultaýyna arza ýazýar. Bar bolan maglumatlara ynansañ, onda Annasoltan Kekilova Moskvada 10 gün dowam eden gurultaýa iki gezek arza ýazyp ýetişen bolup görünýär. Ýöne iş ýüzünde ýagdaý biraz başhaçarak bolmaly. Ol SSKP MK-nyñ XXIV gurultaýyna ýazan giñişleýin hatynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryñ entegem hukuksyz galýandyklaryny, erkekleriñ olaryñ üstünden höküm sürýändigini, respublikada aýal-gyzlara ýol ýokdugyny, respublikanyñ ýolbaşçylygynyñ bolsa bu ýagdaýa göz ýumýandygyny ýazýar.
Onsoñ şahyr gelniñ arzasy boýunça Moskvadan Türkmenistana SSKP MK-nyñ ýörite düzen barlag komissiýasy iberilýär. Moskvadan gelen Komissiýa Türkmenistan kompartiýasynyñ işini barlaýar. Respublikada aýal-gyzlañ ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Emma Türkmenistan kompartiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ şol wagtky 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurova merkezden gelen komissiýany aldawa salmak başardýar. ”Bu ýerde hemme zat gülala-güllük, arza ýazan gelin bolsa, kakabaş, arzaçy” diýip, barlagçylary köşeşdirip, yzyna iberýärler.
Onsoñ imperiýanyñ merkezinden gelen haýbatly komissiýa göz üçin birki sany bellik eden bolup, yzyna gaýdýar. Şondan soñ Annasoltanyñ ýagdaýy gowulaşmakdan geçen, gaýta öñküsindenem agyrlaşýar. Türkmenistan kompartiýasynyñ görkezmesi boýunça respublikanyñ gizlin gulluklary şahyry şondan soñ ymykly göz astyna alýarlar. Muny tassyklaýan iki sany degerli fakt bar: birinjiden, Respublikan metbugatda şondan soñ onuñ goşgularynyñ çykarylmagy bes edilýär; ikinjiden, ”Mydam taýýar” gazetinde işläp ýören şahyr gelin ol ýerden öz arzasy bilen işden boşadylýar…

NÄZIK ŞAHYR ÝÜREK GÖDEK REJIM BILEN ÇAKNYŞÝAR
Moskvadan ýörite iberilen komissiýanyñ öz işine beýle sowuk-sala çemeleşmegi Annasoltany lapykeç edýär. Ol Moskva eýýäm öz işini tamamlan partiýa gurultaýynyñ adyna täzeden ikinji arzasyny ýazýar. Türkmen aýal-gyzlarynyñ ýagdaýynyñ çydardan agyrdygyny, olara ýolbaşçy işleriñ ynanylmaýandygyny, aýal-gyzlara bolan feodal garaýşyñ dowam edýändigini nygtaýar. Bu ýetmezçilikleri barlamaga iberilen komissiýanyñ öz işine sowuk-sala çemeleşendigini-de görkezýär. Eger arzasyna çynlakaý garalmasa, mundan beýläk özüni SSSR-iñ grajdany diýip hasap edip bilmejekdigini habar berýär. Ine, şu sözi-de, görnüşine görä, Annasoltanyñ bagtyny ýatyran bolmaly…
Moskvada bu haty okan adamlar uly howsala düşen bolsalar gerek. Sebäbi edil şol döwürde imperiýanyñ merkezinde ady dünýä belli akademik Andreý Saharov, meşhur ýazyjy Aleksandr Solzhenisyn we başga-da onlarça intillgensiýa wekilleri sovet totalitar erjiminiñ garşysyna açyk baş göteripdiler. Onsoñ imperiýanyñ çet ülkesinde-de kimdir biriniñ bu göreşe ses goşup biljekdigi Moskvany uçursyz gorkuzan bolmaly. Sovet häkimiýeti şondan soñ ýaş gelniñ arzasynda görkezilen kemçilikleri düzetmekden geçen, gaýta onuñ özüni iş edinýär. SSSR KGB-si Annasoltany ynamdan gaçan şahsyýet hökmünde ykjam göz astyna alýar. Tiz wagtdan şahyr gelniñ daşynda ýürekgyzdyryjy boşluk emele gelýär: Aşgabatda tanyş-bilişleri onuñ bilen gatnaşmakdan, tirkeşmekden, hatda salamlaşmakdan gorkup ugraýarlar.
Öz töwereginde bolup geçýän ýakymsyzlygy görüp, Annasoltan protest hökmünde özüniñ SSSR-iñ grajdanlygyndan ýüz öwürýänligini yglan edýär. Moskva gidip, ol ýerde şol döwürde ady belli dissidentler bilen duşüşýar. Käbir maglumatlara görä, Annasoltany moskvaly dissidentler bilen tanyşdyran Elena Bonner bolmaly. Çünki Elena Bonneriñ asly Türkmenistanly. Ol 1923-nji ýylyñ 15-nji fevralynda Maryda dogulan. Annasoltanyñ birnäçe gün ady dünýä belli sovet dissidenti akademik A.Saharovyñ öýünde ýaşanlygy hakynda-da tassyklanmadyk maglumat bar. Bu maglumatyñ janynyñ bar bolmagy ahmal, sebäbi diñe bir E.Bonneriñ däl, eýse sovet vodorod bombasynyñ atasy hasaplanýan A.Saharovyñ ykbalynyñ-da Türkmenistan bilen galtaşýan ýeri bar. Ikinji Jagan urşy başlananda onuñ okap ýören Moskva Döwlet Universitetiniñ fizika fakulteti wagtlaýynça Aşgabada göçürilýär. Şeýlelikde akademik A.Saharov ykbalyñ oýny bilen Moskva Universitetini 1942-nji ýylda Aşgabatda tamamlap, Türkmenistanda Universitetiñ diplomyny alýar.
Akademik A.Saharov bilen E.Bonner 1970-nji ýylda tanyşýarlar we 1972-nji ýylyñ ýanwarynda nikalaşýarlar. Olaryñ ikisiniñ-de Türkmenistana dahylynyñ bolmagy Annasoltan Kekilovanyñ moskvaly dissidentleriñ aýlawyna girmegine oñyn täsir eden bolsa gerek.
Edil şol döwürde Annasoltan özüne Angliýadan syýasy gaçybatalga berilmegini sorap, Angliýanyñ Moskvadaky ilçihanasyna ýüz tutýar. Emma nämüçindir onuñ işi şowuna düşmändir. Şonuñ üçinem ol tiz wagtdan Aşgabada dolanmaly bolýar. 1971-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Annasoltanlaryñ gapysynda çagyrylmadyk ýerden ”Tiz kömek” maşyny peýda bolýar we ak halatly jellatlar şahyryñ näzik ellerini gañryp, arkasyna towlap dañýarlar we ony zor bilen maşyna dykyp, dälihana alyp gidýärler. Näme bolup geçýändigine düşünmän, gorkup ejesiniñ ýanyna ylgap gelen 9 ýaşlyja ogluny gapdala südürläp goýberýärler…
Şeýdibem Annasoltanyñ başyndan gara günler inýär. Şondan soñ ony howply duşman hökmünde tä ölýänçä jemgyýetden izolirleýärler. Türkmen jemgyýetçiligi ony entek dirikä büs-bütin diýen ýaly ýatdan çykarýar. Nähili aýylganç rejim bilen çaknyşandygyna oñly düşünip hem ýetişmedik şahyr gelin erkinligini hemişelik ýitirýär.
Sovet rejimi erkin pikirli şahyrdan elhenç ar alýar we Annasoltan Kekilovadan hemişelik dynmak üçin dälihanany türme edip ulanýar. Gözenegiñ añrysyna salnan şahyr gelne hiç kimden kömek bolmaýar: ne dogan-garyndaşdan, ne dost-ýardan, ne ýazyjy kärdeşlerinden, ne-de türkmen-sovet jemgyýetçiliginden…
Bu eden-etdilik bilen hemmeler sessiz-üýnsüz ylalaşýar, diñe bir adam ylalalşyp bilmeýär, diñe bir adam gije-gündiz bagryny paralaýar. Ol hem öz hüwdüleri, ýatdan aýdyp beren goşgulary, gazallary bilen ýaşajyk Annasoltanyñ ýüreginde irgözinden poeziýa söýgi oýaran Ogulgerek daýza, şahyryñ ejesi. Ogulgerek daýza gözenege salnan gyzyny boşadyp bilmese-de, onuñ halyna aglap, baryp dälihananyñ aýnasynyñ öñünde sagatlap oturyp gaýdar eken…
Dowamy bar...