Monday, March 23, 2009

NOWRUZ - نـــو روز

Ak Welsapar
Nowruz geldi, ýaz geldi!
Saýrak guşlar açdy dil.
Durna bilen gaz geldi,
Oýandy bagda bilbil.

Öwsüp ýazyñ howasy ...


Bahar toýun toýlaýar.
Guşlañ näzik owazy
Gülleñ başyn aýlaýar.

Çöllerde owlak-guzy
Sährañ bile biteni.
Geýindi türkmen düzi,
Gyzyl-ýaşyl keteni.

Yşka gümra tebigat,
Gün gökde – otly ojak.
Nowruz – misli zerli hat,
Gül-gunça gujak-gujak.

Gyz görkün ýada salar,
Atyr ysly säherler.
Täzelendi obalar,
Täzelendi şäherler.

Bolmaz şatlygy gowuz,
Gül guşanan biline,
Täze gün, täze Nowruz,
Hoş geldiñ sen ilime!