Friday, May 15, 2009

MAGTYMGULYNYÑ DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN KONFERENS -مختومقلي پئراغئنئنگ دؤرديجيليگينه باغئشلانان كنفرنس

Ýaz pasly poeziýanyñ ylham çeşmesidir. Bu ýylyñ baharynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde XVIII asyryñ beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ (1733-1783) poeziýasyna bagyşlanan konferens geçirilýär. Konferensde şahyryñ ömri we döredijiligi dogruda türkmen, şwed, iñlis we pars dillerinde çykyşlar ediler, agzalan dillerde şahyryñ goşgulary okalar, türkmen halk aýdymlary, şol sanda Magtymgulynyñ sözlerine döredilen aýdymlar ýañlanar.
Biz ykrar edilen Gündogar danalarynyñ biri, beýik türkmen klassygy Magtymguly Pyragynyñ ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryñ hemmesini Şwesiýanyñ Göteborg şäheriniñ merkezi kitaphanasynda geçirilýän dabaraly konferense çagyrýarys!
Magtymguly Pyragynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan konferens 2009 ýylyñ 23-nji maýynda gündiz sagat 11-de başlanyp, öýlän sagat 16.00-a çenli dowam eder.
  Konferensdäki çykyşlara jogapkärler:

Iñlis dilinde: Dr. Ýusup Azmun, dilçi we edebiýatçy;

Şwed dilinde: Ak Welsapar, ýazyjy we neşirýatçy;

Türkmen dilinde: Aydmohammad Ownuq, şahyr;

Pars dilinde: Reza Talebi (ABF Göteborg)

Yglan edilen çykyşlardan soñra sorag-jogap alyşmak üçin 30 minut wagt goýulýar.

Konferensiñ aýdym-saz bölegine jogapkärler:
Mansoor Sabouhi, sazanda;

Murad Rahimov, bagşy.

Şahyryñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çykyşlaryñyzy we makalalaryñyzy şu ýylyñ 10-njy maýyna çenli aşakdaky adrese ýollap bilersiñiz:

magtymguly.poezia.sweden@gmail.com

Hödürlenen materiallaryñ iñ kämilleriniñ gysgaça mazmuny konferense gatnaşyjylaryñ dykgatyna ýetiriler we edebi Internet saýtlarda ýerleşdiriler. Konferensiñ materiallarynyñ esasynda soñra broşýura çap etmek hem göz öñünde tutulýar.

Konferensiñ resmi guramaçysy Göteborg Türkmen kultur ojagydyr.

Magtymgulynyñ döredijiligine bagyşlanan konferense hoş geldiñiz!

Konferensiñ Guramaçylyk komiteti
Shwetsiyadaky Turkmen Kultur Ojagy - سؤئددأكي توركمن كولتور اوجاغي