Tuesday, June 02, 2009

DILDEN – DILLERE!


2009 ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi.

Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniñ;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniñ.
***
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde 23-nji maýda beýik Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi. Bu abraýly konferensi Göteborg Türkmen kultur ojagy taýynlady. Bu konferensi geçirmek boýunça ilkibaşda ýörite guramaçylyk komiteti döredildi we ol komitet birnäçe aýyñ dowamynda ähli zerur guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu döwürde Magtymguly Pyragynyñ ömri we döredijiligi barada dört dilde, ýagny türkmen, iñlis, şwed we pars dillerinde ýörite çykyşlar taýynlanyldy.
Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi baradaky edebi konferense diñe bir türkmenleriñ däl, eýse dürli halklaryñ wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşan şwed we iñlis ýazyjylary konferensiñ gurnalyşyna we onda şahyryñ döredijiligi dogrudaky edilen çykyşlara örän ýokary baha berdiler. Şwed ýazyjysynyñ sözlerine görä, bu ýatdan çykmajak waka bolan bolsa, iñlis ýazyjysynyñ sözlerine görä, Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi hakda iñlis we şwed dillerinde edilen çykyşlar olar üçin hakyky açyş boldy.
Göteborgly türkmenleriñ köpüsi 23-nji maýda şäher kitaphanasynyñ konferens zalyna milli egin-başlaryny geýip geldiler. Konferense bu şäherde ýaşaýan parslar hem köpçülikleýin geldiler. Konferensiñ başynda giriş sözüni sözlän şäher häkimliginiñ medeniýet bölüminiñ başlygy Helena Nyhus şeýle diýdi: ”Men bu gün şäher kitaphanasynda geçirilýän bu dabara begenýärin. Biziñ şäherimiz köpmilletli, şol milletleriñ hemmesi-de biziñ şäherimiziñ umumy medeniýetine uly goşant goşýarlar. Bu gün şäheriñ merkezi kitaphanasynda türkmen klassyk şahyryna bagyşlanan konferens geçirilýär. Eger-de Göteborgda diñe şwedler ýaşan bolsa, bu tukat bolardy. Häzir welin, biziñ şäherimiz dürli medeniýetlerden ybarat ullakan baýlyga eýe. Men size bu konferensiñ üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!”
Helena Nyhusuñ giriş sözünden soñ konferens zalynyñ sahnasyna dabarany alypbaryjylar – milli lybasly türkmen gelni Elmaý Durdypur bilen Nureddin Ýaraly çykdylar. Olar ilki sözi Türkmensähradan myhman çagyrylan we bu dabarany başdan-aýak aýdym-saz bilen bezän belli bagşy Mansura gezek berdiler. Kämil türkmen halk sazyndan soñra çykyşlar başlandy.
... Dowamy