Saturday, June 20, 2009

ÝAT ILDE ŞAHYR ÖLDI…- یاد ایلده شاعیر اؤلدی

Ajy habar

Gitdi…
Atabaýew gurup gitdi,
Şaja Batyr görüp gitdi,
Suwhan Baba dörüp gitdi,
J.Garaýew durup gitdi,
Balyş Öwez sürüp gitdi,
Em.Gapurow "ak altyny",
Nebit-gazy berip gitdi,
Es. Nyýazow gyryp gitdi,
Milliard-milliard urup gitdi…
Saparmyrat Öwezberdi

Görnükli türkmen şahyry Saparmyrat Öwezberdi uzaga çeken agyr keselden soñ 2009 ýylyñ 19-njy iýunynda Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ paýtagty Waşingtonda 71 ýaşynyñ içinde aradan çykdy.
 Saparmyrat Öwezberdi birnäçe ýyla çeken syýasy yzarlamalar, ýanamalar zerarly 2004 ýylyñ 12-nji iýulynda Türkmenistany terk etmäge mejbur bolupdy. Şol sebäpli şahyr ömrüniñ soñky ýyllaryny ABŞ-yñ paýtagty Waşingtonda geçirdi. Ýurtdan aýraçylyk şahyra añsat düşmedi, ol Amerikadaky durmuşyndan razy bolsa-da, Türkmenistana dolanyp barmak höwesindedi. Arman, zalym ajal şahyryñ dogduk topraga dolanmak hakdaky arzuwyna böwet boldy.
Saparmyrat Öwezberdi 1958-nji ýylda Moskwanyñ Edebiýat institutyna okuwa girip, ony 1962-nji ýylda tamamlaýar. Ol edebiýat ugrundan gowy bilimli we köp işleýän şahyrdy. Onuñ türkmen dilinde ondan gowrak goşgular ýygyndysy çap edildi. Olardan ”Ukusyz gijeler” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1968 ý.), ”Dokuz aýdym” ((”Türkmenistan” neşirýaty, 1970 ý.), ”Gül ýüzlim” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1973 ý.), ”Bary seniñki” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1978 ý.), ”Mähribanym” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1985 ý.), ”Ýaz oýlanmalary” (”Magaryf” neşirýaty, 1985 ý.) we beýleki kitaplary agzasa bolar.
Şahyryñ goşgulary litwa, eston, german, ukrain, türk, ispan, belarus we käbir beýleki daşary yurt dillerine terjime edildi. S.Öwezberdi litwa şahyrlarynyñ döredijiligi bilen türkmen okyjylaryny giñden tanyşdyrmagyñ hötdesinden geldi. Beýik litwa şahyry Eduardas Mieželaitisiñ, Justinas Marcinkevičiusyñ, Jonas Graičiūnasyñ we beýlekileriñ goşgulary şahyr S.Öwezberdiiniñ zähmeti bilen türkmen okyjylaryna ýetirilipdi. Mundan başga-da ol ençeme sowet we rus şahyrlarynyñ goşgularyny türkmençä geçirdi. Olaryñ arasynda Resul Gamzatow, Kaýsyn Kulyýew, Lesýa Ukrainka, Taras Şewçenko ýaly meşhur şahyrlar bar. S.Öwezberdiniñ terjimeleri özüniñ şahyranalygy bilen türkmen okyjylarynyñ göwnüni awlamagy başardy.
Şahyryñ sözlerine Nury Halmämmet, Aman Agajyk, Çary Abdylla ýaly belli kompozitorlar tarapyndan ençeme aýdymlar döredilip, ol aýdymlar uzak ýyllaryñ dowamynda türkmen radiosynda we telewideniýesinde ýañlandy. Ol aýdymlar diñleýjileriñ söýgüsini gazanyp bildi. Emma garaşsyzlyk döwründe diñe bir ol aýdymlar däl, eýse şahyryñ döredijiligi tutuşlygyna öz ilinde gadagan edildi.
Geçen asyryñ 90-njy ýyllarynyñ başlaryndan beýläk S.Öwezberdi kän ýyllap Amerikanyñ “Azatlyk” radiosy bilen hyzmatdaşlyk etdi. Onuñ yurt içinden taýýarlaýan yzygiderli çykyşlary, reportajlary was-was keseline uçuran başistik häkimiýetleri ynjalykdan gaçyrdy. Şonuñ üçinem şahyra kän gezek haýbat atylyp, ol urlup-ýenjildi, oña ruhy sütem edildi.
Ýat ilde dünýäden öten şahyr S.Öwezberdiniñ jesediniñ dogduk toprakda jaýlanmagyna häzirlikçe mümkinçilik bolmasa-da, geljekde bu zerur iş hökman ediler. Munuñ başgaça bolmagy mümkin däl.
A.Welsapar, ýazyjy

2009-06-20

No comments:

Post a Comment