Thursday, July 30, 2009

”AGZYBIRLIGIÑ” BAÝRY AGZALARYNYÑ BIRI, LUKMAN ZENAN AÝGÜL TÄJIÝEWA ARADAN ÇYKDY-آغزیبیرلیگینگ بایری آغضالارئنئنگ بیری آرادان چئقدی


Aýgül Täjiýewa
1944-08-27—2009-07-22
---------------------------------
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi ”Agzybirligiñ” agzasy Aýgül Täjiýewanyñ 2009 ýylyñ 22-nji iýulynda uzaga çekmedik agyr keselden soñ aradan çykandygyny çuññur gynanç bilen habar berýär.
Aýgül Täjiýewa 1944 ýylyñ 27-nji awgustynda Mary şäherinde dogulýar, orta mekdebi şol ýerde tamamlap, 1962-nji ýylda Aşgabadyñ Medisina institutyna okuwa girýär we ony 1969-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şondan soñ dürli wezipelerde işlän lukman zenan 1978-nji ýyldan tä 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine baştutanlyk edýär. ... Dowamy - دووامی