Tuesday, July 07, 2009

Eýranly oppozisiýa: Tussag edilenler goýberilsin

Azatlyk Radio:  Eýranly oppozisiýa liderleri prezidentlige geçirlen saýlawlardan soň dörän ýagdaýda tussag edilenleriň erkinlige goýberilmegine häkimiýetleri çagyrýar. Bu barada reformaçy kandidatlar Musawi bilen Karrubi hem-de ozalky prezident Hatemi çagyryş etdiler.12-nji iýundan soň häkimiýetler 100-lerçe protestçileri, syýasy aktiwistleri, reformaçylary hem-de žurnalistleri tussag etdiler.