Thursday, July 16, 2009

Kanada DIM-niň delegasiýasy Aşgabatda - کانادا د.آی.ام - نینگ وکیللری عشق آباد دا

Global Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (GHM) Baş direktory Troý Lulaşnigiň baştutanlygynda Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanda saparda bolýar.
Bu maksatnama halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Kananaskis şäherinde «Sekizleriň toparynyň» sammitinde 2002-nji ýylda herekete girizildi. Kanada GHM-nyň esasy işläp taýýarlaýjy we hemaýatçy ýurdudyr. Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi. Mundan başga hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk boldy, şol duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanadanyň delegasiýasy Aşgabadyň we Marynyň birnäçe lukmançylyk edaralaryna hem baryp gördüler.
Web Resource: TURKMEN PRESS