Tuesday, September 29, 2009

HALKARA KITAP ÝARMARKASY - خلق آرا کیتاپ یاریم آرقاسی

Web resource: Gunesh
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde Halkara kitap ýarmarkasy açyldy. Ol birnäçe gün, ýagny 27-nji sentýabra çenli dowam eder. ”Gün” neşirýaty bu ýyl beýleki kitaplar bilen birlikde türkmen edebiýatyna degişli şwed dilnde kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin ”Varför grodan kväker” (”Gurbaga näme üçin warryklaýar”) atly türkmen halk ertekileriniñ ýygyndysyny we ussat prozaçy, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyñ laureaty Tirkiş Jumageldiniñ ”Milli oýun” atly gyzykly hem täzeçil äheñde ýazylan romanyny hödürleýär.