Tuesday, October 27, 2009

TÜRKMEN ÝAŞ ALYMLARYNYŇ III SIMPOZİUMU -Veideo Surat



Ýaňy ýakynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Illinois ştatyndaky Çikago şäherinde adatdan daşary bir gün boldy. Gözel Çikagonyň merkezini bezäp oturan Intercontinental Otelinde, beýleki döwletleriň baýdaklary bilen bilelikde, Türkmen döwletimiziň ýaşyl tugy hem al-asmanda pasyrdady. Türkmen Ýaş Alymlarynyň 3-nji Sempoziumuna gatnaşmak üçin, dünýäniň çar künjünden gelen türkmen alymlary, bu ýere toplandylar. Açylyş dabarasyna Amerikanyň dürli ştatlarynda kandidatlyk ýa-da doktorlyk işini alyp barýan ýaş alymlar bilen bilelikde, türkmen ýaşlary üçin mekdep bolup ýaşaýan baýry alymlar hem gatnaşdylar.
Ýaş Alymlar Guramasynyň gurujylaryndan biýologiýa ylymynyň doktory Kakajan Kömürow gurama barada gepläp, türkmen ýaşlarynyň ylmy kämilliginiň we üstünliginiň wajyplygy, olaryň öňlerindäki böwetler barada durup geçdi. Şeýle hem simpoziumyň harajatlarynyň, bütinleý türkmen ýaşlarynyň goşantlary netijesinde amala aşyrylandygyny nygtady.


Dünýä belli türkmen alymy, matematika ylymlarynyň doktory Allaberen Aşyraliýewiň “men etmesem kim eder” diýen şahsy pelsepesi baradaky, Eýran türkmenlerinden professor Arazberdi Toumajyň geçen çarkandakly we kynçylykly ýoly dogrusyndaky, Tehas ştatynda ylmy iş alyp barýan doktor Jumageldi Jumaýewiň we Yrak türkmenlerinden Mahmud İzzat Mahmudyň ýaşlara beren öwüt ündewleri we olaryň Türkmenistanyň gelejegi üçin edýän işleriniň wajyplygy baradaky eden çykyşlary, ullakan gyzyklanma döretdi. Olar ýaşlara alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlik arzuw edip, şeýle ýygnanşyklaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem, şunyň ýaly dabaraly işi alyp barýan we gurnamaga ýardam eden ýaş alymlardan Baýram Saryýewe, Ahmed Mamedowa, Turkmen Design şereketiniň alypbaryjylaryna we simpoziumyň esasy guramaçylyk işlerini alyp baran Merdan Kakajanowa minnetdarlyk sowgatlary gowşuryldy. ... Habaryn doly mazmuny
Web resource: Turkmen Cafe

No comments:

Post a Comment