Monday, September 09, 2013

Türkmen Bosgunlary Eýran bilen Owganystanda - ترکمن بوسغونلاری ایـــران بیلن آوغانیستان دا

Göçhä-göçlik döwri
Dr. H. Ownuk - Toronto
Bosgunlyk hakda 1999 ýylda Türkmenistanda geçirlen çäreler
Türkmenistan öz gasraşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri, Sowet döwürinde türkmen bosgunlaryň daşary ýurtlara gaçyp atyşyna degişli 1999-njy ýylda aşakda görkezilen konfrensiýa ýaly çäreleri, ýokary bilim merkezleriniň tarapyndan alynyp baryldy. Bu konfrensiýada berilen mowzugyň ady: “Türkmenistan XX asyrlaryň 20-30-nji ýyllarynda: Täze garaýyşlar we taryhy okatmagyň meseleleri”. Bu ýerde pikirler we garaýyşlar eýýäm täzeçe pozitsiýada alynyp barylýar. Hormatly okyjylaryň ünsini döwrüň garaýyşy hökmünde aşakdaky makala çekýäris: ....

د. خان گلدی اونق – تورنتو -  20-11-2009/م. یئل.
در ایّام احراز استقلال ترکمنستان موازی با برنامه های رستاخیز ملّی سمینارها و همایشهای مختلفی در راستای برنامه های نظام نوین ملّی جمهوری ترکمنستان از سوی مراکز علمی _ فرهنگی و آموزشگاههای عالی و پژوهشی برگزار میگردید. پژوهشکده تاریخ آکادمی علوم ترکمنستان که متعاقباً با عنوان ”پژوهشکده تاریخ تحت پوشش کابینه وزیران ترکمنستان” درآمده بود، در همه این برنامه های علمی و پژوهشی شرکت فعّال و بالقوّه داشت. …

یکی از این همایشها عنوانی بود با ” ترکمنستان در سالهای ۲۰_۳۰ قرن بیستم ( نگرشها و متدهای تدریس تاریخ) که در آن سالها وضعیّت سیاسی_اجتماعی ترکمنستان عمدتا با مسائل مهاجرت ترکمنان به ایران و افغانستان مواجهه بود. دولت وقت آن زمان برنامه های متعددی جهت بازگردانیدن مهاجرین ترکمن به ترکمنستان به اجرا در می آورده است. این مسائل در رسانه های خبری آن زمان نیز درج میگردیده است…
متن یکی از این همایشها را برای آن عده از خوانندگان ترک و ترکمن زبان كه دست اندركار تحقيق و پژوهش در اين امور هستند، ذیلا درج میکنیم که اگر در این رابطه تحقیقاتی دارند بتوانند اين متون را مورد استفاده قرار بدهند. اين تز بزبان ترکمنی در ۳ گرافيك نوشتاری این زبان ارائه ميگردد.


Hangeldi Ownuk Arazgeldi ogly.
Ministrler Kabinetiniň Ýanyndaky
Taryh Instituty. Aşgabat – 1999 ý.


Başlanan ýer-suw reformasy esasynda Türkmenistanyň ilatynyň emläkleri elinden alynyp, döwlet eýeçiligine geçirilen ep-esli ýaşaýjysy Eýramna hem-de Owganystana özlerini gaçyp atmaga mejibur boldular. Şolaryň arasynda Jüneýt han hem öz nökerleri bilen Türkmensähra tarap bosgunýarlar.
1927-nji, ýylyň Oktýabrynda Jüneýt han bilen Bolşewikleriň arasyndaky söweş hanyň Garagumda alyp baran aýgytly söweşleriniň iň soňkysy bolup galýar. Şyhym Sülgünüň ýolbaşçylygynda Eýran türkmenleriniň arasyna giden topar hanyň Türkmensähra baryp biljekdigi hakdaky hoş-habar bilen öwrülip gelýär.

Şol ýyllar Eýran türkmenleri Nepes serdaryň we Annageldi serdaryň (Aç-Kelte) baştutanlygynda Türkmensähranyň awtonomiýasy ugrunda aldym-berdimli göreşleri alyp bardylar. Muny Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem goldap, köne offiser S. Öwezbaýewiň ýolbaşçylygynda türk ofiserlerini hem-de Han Ýomudeskiniň ogly Lälehany harby tälim öwretmek üçin Türkmensähra ýollaýar. Olaryň arasynda Kadyr ependi, Jemal beý, Metdi (Mehdi) ependi, Mustafa beý, Hudaýar ependi, Murat beý, Soltan paşa dagy bardy.


Şol döwürde çokaý ogly Mustafanyň yolbaşçylygynda “Ýaş Türkistan” ady bilen çykarylan gazýet türkmenleriň öňde baryjy pikirlerini goldaýardy. Türkmensähradaky göreş başa barmany üçin, Jüneyt han ol ýerden 1929-njy ýýlda Owganystana tarap çekilýär. Jüneýt han ýurdy terk edenden soň, galan türkmenler topar-topar serhetden geçip, Kümüşdepede, Marawadepede, Jergelanda, Kümmetkowusda, Maşhatda, Türbetjamda hem Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ýerleşýarlar.
Bosgunlaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda dürli çäreler alynyp barylýar. “Turkmenistan” gazýetiniň 16-njy Iyulundaky sanynda Eýrana we Owganystana göçüp giden türkmenler öwrülip gelen ýagdaýynda, mal-mülkleriniň özlerine gaýtarylyp beriljekdigi baradaky perman çap edilipdir.
Türkmenleriň watanyny terk edip, Eýrana baran türkmen bosgunlarynyň aç-hor ýaşaýandyklaryny tragediýa hökmünde günbataryň gazýetlerinde-de ýaýradylypdyr.

Eýran hem-de SSSR şeýle bosgunlaryň öňüni almak üçin dürli çäreler görüpdirler. 1924-1926-njy ýyllarda Türkmensähradaky alynyp barylan göreşler başa barmany üçin, Eýran türkmenleri Sowet Türkmenistana bosgunýarlar. Emma SSSR tarapyndan olary yzyna gaýtaryp berendiklerine, käbir dokumentler şaýatlyk etýär.

Bu makala Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 8-nji ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan XX asyrlaryň 20-30-nji ýyllarynda: Täze garaýyşlar we taryhy okatmagyň meseleleri” Konferensiýasynyň dokaladynyň tezis materialy.
Aşgabat – 1999 ý., 26-27 sahypa
***********


Gosmaca:
1920-1930-njy ýyllardaky Türkmenistanda geçirilen ýer-suw reformalarynda, Türkmenistandan çykyş immigratsiýada, Lebap welaýatyndan olaryn Ärsäry taýpa-tireleri, we Mary welaýatynyndan, Teke taýpa-tireleri Owganystana tarap göçhä-göçlik edýärler. Şu ugurda degişli käbir suratlary internet sahypalaryndan tapsa bolýar:
Türkmen bosgunlary Owganystana tarap barýarlar.
Ikinji bir tarapdan Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýaşaýan Teke türkmenleri we Balkan hem Daş-Oguz welaýatlarynda ýaşaýan Ýomut  türkmenleri Eýrana tarap bosgunýarlar ...
Göçhä-göçlik
 *********

 
خانگلدی اونق اراز گلدی اوغلی
         وزیرلر کابینتینینگ یانئنداقی
               تاریخ اینستیتوتی

===================
ترکمن بوسغونلاری ایران دا 
باشلانان یر-‌سو رفورماسی اساسئندا ترکمنیستانئگ املاکلری الیندن آلینیپ، دؤولت ایه چیلیگینه گچیریلن اپ‌-اصلی یاشایئجئسی ایرانا هم-‌ده اوغانیستانا اوزلرینی غاچئپ آتماغا مجیبور بولدئلار. شولارئنگ آراسیندا جنیدخان هم اوز اهلی  قوشونلاری بیلن ترکمنصحرا طاراپ بوسغونیارلار.
۱۹۲۷-نجی یئلئنگ اُکتیا‌برئندا جنیدخان بیلن بلشویکلرینگ آرسینداقی‌ گؤرش خانئنگ قره قومدا آلئپ باران آیغئتلی سووشلرینینگ اینگ سؤنگقئسی بولوپ غالیار. شیخئم سولگونینگ یولباشچئلئغئنداقی ایران ترکمنلرینینگ آراسینا گیدن توپار، خانئنگ ترکمنصحرا بارئپ بیلجکدیگی حاقئنداقی خوش-خبری بیلن اؤوریلیپ گلیأر.
شول یئللار ایران ترکمنلری نفس سردارئنگ و آنناگلدی سردارینگ (آچ-‌کلته) باش توتانلئغئندا ترکمنصحرانئنگ آوتونومیاسی اوغروندا آلدئم-‌بردیملی گورشلری آلیپ باردئلار. مونی ترکمنیستانئنگ یولباشچئلاری هم قولداپ، کؤنه آفیسر س. عوض بایفئنگ یولباشچئلئغئنداقی تورک افیسرلرینی هم -‌ده خان یمودسکی نینگ اوغلی لأله خانی حاربی تعلیم اؤرتمک اوچین ترکمنصحرا یولایار. اولارینگ آراسئندا قادیر افندی، جمال بی، ماتدی(مهدی) افندی، مصطفی‌ بی، خدایار افندی، مراد بی، سلطان پاشا داغی باردی.
شول دوویرده چوقای اوغلی مصطفانئنگ یولباشچئلئغئندا “یاش ترکیستان” آدی بیلن چئقارئلیان غازیت ترکمنینگ اؤنگده بارئجی پیکیرینی قولدایاردی. ترکمنصحراداقی گؤرش باشا بارمانی اؤچین، جنیدخان اول یردن ۱۹۲۹-نجی یئلدا اوغانیستانا طاراپ چکیلیأر. جنیدخان یوردی ترک ادندن سونگ، غالان ترکمنلر توپار-توپار سرحتدن گچیپ کومیش دپه، ماراوادپه، جرگلان، کنبدکاووس، مشهد، تربت جام دا هم آوغانیستانئنگ دمیرغازئق سبیتلری یالی یرلرده یرلشیارلر.
Göçhä-göçlik
بوسغونلارئنگ اؤنگونی‌ آلماق مقصدی بیلن ترکمنیستاندا دورلی چأره لر آلئنئپ بارئلیار. “تورکیستان” غازیتینینگ 16-نجی ایولونداقی سانئندا ایرانا و اوغانیستنا گؤچیپ گیدن ترکمنلر اؤوریلیپ گلن یاغدایئندا، مال‌-مولکلرینینگ اؤزلرینه غایتاریلیپ بریلجکدیگی باراداقی پرمان چاپ ادیلیپدیر.
ترکمنلرینگ واطانئنی ترک ادیپ، ایرانا باران ترکمن بوسغونلارئنئنگ آچ-‌حور یاشایاندئقلارئنی تراژدی حکمینده گونباتارینگ غازیتلرینده-ده یایرادئلئپ دیر.
ایران هم-‌ده اس اس آر شیله بوسغونلارئنگ اؤنگونی آلماق اوچین دورلی چأره لر گؤریپدیرلر. ۱۹۲۴-۱۹۲۶-نجی یئللاردا ترکمنصحراداقی آلئنئپ بارئلان گؤرشلر باشا بارمانی اوچین، ایران ترکمنلری ساوت ترکمنیستانا بوسغونیارلار. اما اس اس آر طاراپئندان اولاری ائزئنا غایتارئپ برندیکلرینه، کأ بیر سندلر شایاتلئق اتیأر. …
بو مقالا ترکمنیستانئنگ غاراشسئزلئغئنئنگ ۸-نجی یئللئغئنا باغئشلانان “ترکمنیستان XX عاصئرلارئنگ ۲۰-۳۰-نجی یئللارئندا: تأزه غرایئشلار و تاریخی اوقاتماغئنگ مسئله لری” کنفرنسیاسئنئنگ داکالادئنئنگ تزیس ماتریالی.
عشق آباد – ۱۹۹۹ - ۲۶-۲۷ ص.ص.