Thursday, December 10, 2009

Milli telewideniýäniň bäşinji kanaly gurulýar - ملّی تله ویدنیأنینگ بأشینجی کانالی غورولیار

Web Resource: TurkmenPress
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde bäşinji telewideniýe kanaly gurmak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Berdimuhamedow, pudak ýolbaşçylaryna milli telewideniýäniň 5-nji kanalyny gurmak baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Täze guruljak kanalyň 24 sagadyň dowamynda ýaýlymda bolup, esasy maksady medeni-dynç alyş we medeniýet , aýdym-saz kanaly hökmünde teletomaşaçylaryň hyzmatynda bolar. Täze kanalda aýdym-saz sungatynyň ähli görnüşleri, aýdym klipleri, opera, folklor we klassyky saz eserleri we häzirki zaman estradasy yzgyderli aýdym-saz muşdaklaryna ýetirilip durlar.
Şeýle hem Prezident Berdimuhamedow täze sungat zehinlerine goldaw bermek babatynda degişli çäreleri geçirmegiň möhümdigini belläp, telewideniýe we radio üçin ýokary hünärli işgärleri, hususan-da operatorlary taýýarlamagyň meselesine degip geçdi. Döwlet Baştutany häzirki zaman tehnologiýalarynyndan peýdalanmagyň ähmiýetini hem nygtady.

No comments:

Post a Comment