Wednesday, February 17, 2010

UN-iň Jenevedäki Tamynyň garşysynda bolan Aksiýadan Rapor-یو.ان-نینگ ژنو دأکی تامی نینگ قارشی سیندا بولان آکسیادان راپور

Ilgüýji: RAPOR(Habar)
Birleşen Milletler Guramasyny UN-iň Jeneva şäherindäki Tamynyň öňünde, 15-nji Fevral güni, Eýranlylaryň tarapyndan, Eýran hökumetiniň tersine, geçirilen aksiýalara, Türkmenler hem gatnaşdylar.
Türkmenler, ”Federal Eýranyň Milliýetleri Gurultaýy” atly guramanyň düzüminde durian we durmaýan Türkmen Guramalaryň agzalaryndan bolup gatnaşdylar.
15-nji Fevraldan başlap, Birleşen Milletler Guramasy Un-iň Jeneve şäherindäki Tamynyň zalynda 3 günläp, Eýranda adam haklaryny gözden geçirip başlanyldy. Bu işi Birleşen Milletler Guramasynyň 60 döwletden ybarat bolan, “Adam Haklary Şurasy ( UPR), alyp barýar.
Bu möhüm waka bilen bagly habar, hem-de, raporlary, habar beriş Ajans serişdeleriniň saýtlaryndan yzarlap durmagy maslahat berýäris.

“Aksiýa Gatnaşan Topary”
2010-02-17 / 28 بهمن 1388
-------------------------------------------
Geçirilen Aksiýadan birnaçe surat