Saturday, June 19, 2010

Türkmenler Eýranda Jumhuryýet döredipdiler - تورکمنلر ایراندا جمهوریّت دؤردیپدیرلر! ه

Turkmen Sesi Radiosy: 86 ýyl mundan ozal, 1924-nji ýylyň maý aýynda eýranly türkmenleriň ýaşaýan ýeri Türkmensährada Jumhuryýet düzgüni yglan edilýär. Bu düzgün ýaşulularyň we ahunlaryň maslahaty bilen Omçalda döredilen geňeş tarapyndan jar edilýär.
Taryhy çeşmelere görä, bu geňeşe ýaşululardan Hojanyýaz han, Göki sopy, Janmät han we ahunlardan Welijan ahun, Rejep ahun we Osman ahun dagylar gatnaşýar.
Geňeşin agzalary öz aralarynda Osman ahuny Jumhuryýetiň başlygy edip saýlaýarlar. Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda Türkmenistanyň Türkmen diasporasy bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin nämeleriň edilmegi barasynda hem gürrüň edilýär.
Gepleşigi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.   =>

No comments:

Post a Comment