Tuesday, July 06, 2010

Stambuldaky türkmenleriň durmuşy - استانبولداقی تورکمنلرینگ دورموشی

Türkmen ses:- 05.07.2010
Dürli taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler seljuklar döwründe Türkiýä geçipdirler. Seljuklara goşulyp Anatoliýa baran Oguz türkmenleriniň sany 550 müň töweregi bolupdyr diýip, türkiýeli taryhçylar aýdýarlar.
Taryhçylar Türkiýedäki 28 ýeriň adynyň türkmenleriň ady bilen göni baglanyşyklydygyny hem belleýärler.»»
Häzirki döwürde hem Türkiýä barýan türkmenleriň sany artýar.
Türkmenistan garaşsyzlyk alany bäri müňlerçe türkmen studenti Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okap başlady.
Türkmenler iş gözläp hem Türkiýäniň dürli şäherlerine bardylar. Olaryň sany Türkiýäniň uly şäherleriniň biri Stambulda köp.
Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda owganystanly türkmenleriň öz gadymy däplerini gorap saklaýyşlary barada hem gürrüň edilýär.
Gepleşigi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň:      ------------------------------------------------------- Diňle