Monday, August 02, 2010

Eýranda türkmen edebiýaty - ایراندا ترکمن ادبیّاتــی

Türkmen sesi - Soňky ýyllarda türkmenistanly ýazyjydyr şahyrlaryň kitaplary Eýranda pars diline köp terjime edildi. Şol eserler türkmençe arap – pars elipbiýinde hem türkmen okyjylaryna hödürlendi.
Edebiýatçy Kasym Nurbatow Türkmensähradaky türkmenleriň edebiýatyny türkmenistanlylara tanatmakda alada eden bolsa, Eýranda çykýan “Sähra“ gazetiniň baş redaktory Dr.Abdolrahman Düýeji hem türkmenistanly ýazyjydyr şahyrlaryň eserlerini pars diline terjime edip, eýranlylara tanadyp başlady.
Azatlyk Radiosy terjimeçi Abdolrahman Duýeji bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi“ programmasynda Türkmenistanda daşary ýurtly türkmenleriň edebiýaty barada çap bolan kitaplar hakynda hem maglumat berler. ----->  Diňle

No comments:

Post a Comment