Monday, August 30, 2010

Elektron resminamalar dolanyşygy giriziler - الکترون رسمی نامالار دولانئشئغی گیریزیلر.

Turkmenistan: Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Ol maslahatda Türkmenistanda hökümetiň elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak meselelerine garaldy. Bu barada resmi media habar berýär.
Maslahatda Berdimuhamedow halk hojalygyna resminamalar dolanyşygy ulgamyny giňden ornaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtady hem-de bu ulgam döwlet dolandyrylyşynda işi mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip aýtdy.
Maslahatyň barşynda ýurduň prezidentine monitorda Türkmenistanda elektron aragatnaşygyny guramak ulgamy görkezildi. Şeýle hem Berdimuhamedow tutuş halk hojalyk toplumy boýunça dürli wezipeleriň çözülmegini çaltlaşdyrmak üçin elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
XX asyrdan XXI asyra
Şu günki güne çenli ýurduň welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň administrasiýalarynda internet ulgamynyň düýbünden bolmazlygy köpleri geň galdyrýar. Internet ulgamy hatda paýtagtda ýerleşýän ministrliklerde hem doly ornaşdyrylmadyk.
Etraplar bilen welaýatyň, welaýatlar bilen paýtagtyň, ministrlikler bilen merkezi apparatyň arasynda göni elektron aragatnaşyk ulgamynyň ýoklugy sebäpli, iş dolanyşygy geçen asyryň tehnologiýalary boýunça alnyp barylýar.
Ýurduň welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň hiçisinde özlerine degişli elektron saýtlary we elektron poçtolary ýok. Ministrliklerde hem ýagdaý welaýatlardyr etraplaryňkydan öwerlikli däl.
Ýurduň etraplaryndan welaýat merkezlerine gerekli maglumatlar faks apparatynyň üsti bilen iberilýär. Eger-de maglumatlar elektron görnüşde iberilmeli bolsa, onda olar disklere göçürilip, ýörite kurýerleriň üsti bilen ençeme kilometr aşylyp, gerekli ýerine gowşurylýar.
Prezidentiň iş maslahatynda belleýşine görä, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy ýurduň ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynda bolşy ýaly, welaýatlarda hem giriziler. Bu bolsa, hususan-da etraplardyr welaýat häkimlikleriniň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ýokary hilli gözegçilik etmegine ýardam eder.
Etrap merkezleri tehniki progresden daşda
Türkmenistanda internet ulgamy soňky üç ýylyň dowamynda giňden ornaşdyryldy. «Türkmentelekomdan» başga, MTS hem-de «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamlary öz müşderilerine simsiz internet hyzmatyny edýär.
Ýurduň 3 sany internet prowaýderlerinden peýdalanýan müşderileriň sany kän. Ýöne muňa garamazdan, ýurduň etrap administrasiýalarynyň birinde-de internet ulgamy ýok. Olar şu günki güne çenli diňe faks apparatlary bilen işleýärler.
Dogrusy, etrap administrasiýalarynyň kompýuterler bilen üpjünçiligi hem juda gözgyny. Bu ýerlerdäki kompýuterleriň köpüsiniň modelleri gaty köne bolup, olaryň içinde hatda üstünden on ýyl geçenleri hem bar.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Web Resource: Azatlyk Radio

No comments:

Post a Comment