Monday, August 30, 2010

Turkmenistanda Internet ulgamy arzanlady- ترکمنستان دا انترنت اولغامی آرزانلادی

Ýurdumyzda internet hyzmatlarynyň arzanlandygy bildirildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen aýlarda internet hyzmatynyň entegem halkymyza elýeterli däldigini we bahalaryň yokarydygyny mälim etmegi netijesinde 2009-njy ýylyň Ýanwar aýyndan başlap internet 50 göterim arzanlady. 2008-nji ýylyň aýagyna çenli sagady 12 müň manat bolan internet hyzmaty, Ýanwar aýynyň birinden başlap 6 müň manat boldy. Şeýle hem internet hyzmatlarynda aýlyk tölegleriň ýatyrlyp, internet abunalarynyň hasabynda belli möçberlerde nagt pul goýulmagy talap edilýär.
Şeýle hem internet hyzmaty üçin alynýan aýlyk 115 müň manatlyk töleg hem 50 göterim arzanlap 57 müň 500 manat boldy.
Web Resource: Turkmen Press

No comments:

Post a Comment