Wednesday, September 07, 2011

Owgan-türkmen alymy Abdyl Mejit Turan aradan çykdy-اُوغان-ترکمن عالئمی عبدالمجید توران آرادان چئقدی

Azat Habar: Hepdäniň anna güni Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen dilçisi we taryhçy alym Abdyl Mejit Turan 51 ýaşynyň içinde agyr keselden aradan çykdy.
Abdyl Mejit Turan türkmen we dary dillerinde ýazylan 20-den gowrak kitabyň awtorydyr.
Onuň iň soňky çapdan çykan kitaby türkmenleriň taryhy bilen baglanyşykly ýazylan ylmy-publisistik kitap bolupdy. Bu kitabyň ähmiýetine Kabul uniwersitetiniň taryh fakultetinde ýokary baha berlipdi.
Abdyl Mejit Turan öz döwründe Kabul uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, Owganystanyň tele-radio gepleşikler edarasynda türkmen dilindäki gepleşikler bölümine müdirlik edipdi.

Owganystanyň "Bahtar" habar agentligi Abdyl Mejit Turanyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly prezident Hamid Karzaýyň hem resmi gynanç bildirendigini habar berdi.