Tuesday, October 04, 2011

NÄME SEN? – OL MENEM - ! - نأمه سن؟ - اول منم

Esasy Goşgyny dowamyndan göriň!...

NÄME SEN? – OL MENEM!

M.P.- Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

H. N.- Aslym sorsaň bir göwherden dörän biz,
Guşlar içre ak kepderem, düz menem.
Hýyal-da däl, hakykatda ýaran biz,
Baglar içire läle gül men roz menem!

M.P.- Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

H. N.- Garaçydan saýlanmanam deňlikde,
Jam-da hak şerap men, saky aňlykda,
Gije ýalkym, gündiz saýa daňlykda,
Hakykat aý bolsa, günde köz menem!

M.P.- Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

H. N.- Müşki-anbar kokan tupan-gaýdan men,
Çarhy pelek gerdandygyn aýdan men.
Deňizleriň tolguny dek saýdan men,
Rowşen salan, öwüşgün atan ýüz menem!

M.P.- Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

H. N.- Altyn-kümüş zowkyn däner hak ýarka,
Arşda ýyldyz, ýerde şehit gan barka,
Ýakut-merjen nedir? hakykat dürkä,
Şam çyragyň aýdyň pasly ýaz menem!

M.P.- Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

H. N.- Bu gün Iller! Namys üçin, ar üçin,
El götermen, bu wepaly kär üçin,
Bu gün söweş güni, ol bimar üçin,
Hakykata mest hem şeýda, baz menem!

Aşgabat : Ýaz-1990 – H.Ownuk
·         M. P. (Magtymguly Pyragy)
·         H. N. (Hangeldiň Neziresi) …