Friday, July 27, 2012

Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanow hakda taryh ylymlarynyň kandidaty Gurbannazar Hojagulyýewdan bir makala

Bazar Amanow
Zaman Gazyeti:  Sungata her hili ýol bilen gelinýär. Ýöne şol ýollar nähili bolanda-da, onuň içinde ýeňili ýok. Sungatyň ýoly çarkandakly ýol. Türkmen teatr sungatynyň binýadyny tutmakda zehinini, yhlasyny gaýgyrman, köp hyzmat eden läheňleriň biri hakda makala ýazmaga girişenimde uly tolgunmany başdan geçirdim, sebäbi ol halypalaryň halypasy bolanlaryň biri, entek ýörelmedik ýoldan ýöränleriň biri.

Sungat çynarynyň parlap çykan bir şahasy bolan teatr sungatynyň baryp şo-ol ýyllar türkmen topragynda pyntyk ýarmagyna, ese-boýa galmagyna, kämilleşmegine özüniň zehinini, yhlasyny arman-ýadaman sarp edenleriň biri hem SSSR-iň, Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanowdyr....

Bazar Amanow 1908-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 5-ine Tejen etrabynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Bazar Amanow ene-atadan ir mahrum bolupdyr. Ol ilki Tejen internatynda, soňra bolsa Mary internatynda terbiýelenýär.
1924-nji ýylda partiýa mekdebinde bilim alýar, 1926-njy ýylda bolsa Türkmenistanda açylan ilkinji teatr studiýasyna okuwa girip, şol studiýany 1929-njy ýylda tamamlaýar.
1929-njy ýylda Türkmen döwlet drama teatry açylýar we Bazar Amanow ilkinjileriň biri bolup şol teatrda işe başlaýar. Ussat aktýor ömrüniň ahyryna çenli teatr sahnasynda 150-den gowrak dürli häsiýetli keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Olardan “Jahanda” Şahyryň, “Keýmir körde” Nedir şanyň, “Çopan oglunda” Nepesiň, “Huýrlukga-Hemrada” Hysrow şanyň, “Aýgytly ädimde” Gully hanyň, “Otelloda” Ýagonyň keşplerini görkezse bolar.
Deň-duş bolmasak-da, maňa bu beýik ussady sahnada, durmuşda ençeme gezek içgin synlamak miýesser etdi. Şonda meniň hakydamda galşyna görä, Bazar aga mydama gözlegdedi, täzelige ymtylýardy. Şonuň üçin onuň döredijiliginiň özboluşlylygy hemmäni özüne çekýärdi, geň galdyrýardy.
Ussat halypa türkmen sahnasynda diňe aktýor hökmünde däl, eýsem, tanymal dramaturg hökmünde hem bellidir. Onuň ilkinji drama eseri Hojanepes Çaryýew bilen bilelikde Mollanepesiň “Zöhre we Tahyr” dessanynyň esasynda ýazylandyr. Şeýlelikde, türkmen sahnasynda Bazar Amanowyň teklibi bilen ilkinji sazly drama goýulýar. Bazar Amanow şeýle hem “Keýmir kör” (Garaja Burunow bilen bilelikde), “Kemine”, “Soltan Sanjar”, “Aýazhan”, “Hazynalar adasy” we başga-da birnäçe pýesalaryň awtorydyr.
Bazar Amanowyň her bir ýazan drama eseri, döreden keşbi sungaty söýüjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Onuň taryhy temadan ýazan “Hazynalar adasy” spektakly hem täze durmuşyň, täze dünýäniň hakykatyny ykrar edýän hyjuwly göreşlere, töwekgel gözleglere baý. Bazar Amanowyň ýazan “Keýmir kör” eserinde hem beýik adamkärçilige, pähim-paýhasa uly orun berilýär. Ol Keýmir serdaryň keşbinde has aýdyň ýüze çykýar. Keýmir serdar spektaklyň başynda özüniň serdardygyny nygtap, halkdan saýlanyp duranok. Ol diňe halk bilen bagrynyň badaşandygyny tomaşaça aýan edýär. Özüni akylly, köp bilýän edip görkezjek bolmaýar. Şeýlelikde, Bazar Amanow öz halal zähmeti, yhlaslylygy bilen bize nusga boldy.
Beýik ussat diňe teatr sungatynda däl, eýsem kino sungatynda hem ajaýyp keşpleri döretdi. Türkmen filmlerinden “Prokurorda” Sapar baýyň, “Aýnada” Esen baýyň, „Çopan oglunda” Nepesiň keşplerini janlandyrdy. Uly halypanyň teatrda, kinoda döreden keşpleri öz milliligi, öz topragynyň dilinde sözläp bilýändigi bilen tapawutlanýardy.
Bazar aga sözüň doly manysynda uly aktýordy, režissýordy, dramaturgdy. Uly halypanyň zähmetine mynasyp baha berilýär. Ol üç gezek orden, Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Bazar Amanow Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Garaja Burunow, Sona Myradowa, Suraý Myradowa, Sabyr Ataýewa, Aman Gurbandurdyýew, Gylyç Berdiýew ýaly meşhur aktýorlar, ýazyjy-terjimeçiler bilen egin-egne berip işleşen halypady. Ömrüniň ahyryna çenli milli sungatymyzyň “ody bilen girip, küli bilen çykan”, teatr sungatynyň ilkinji kerpijini goýmaga gatnaşan, soňra-da onuň kök urmagyna, çynar ýaly ösmegine uly tekge beren halypanyň şu ýyl 100 ýyllyk ýubileýi geçirilýär.
Häzirki Beýik Galkynyşlar zamanamyzda uly halypalary ýatlap, olaryň mertebesini ýokary galdyrmaga giň ýol açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys.”
Şu çaplanja ýazgymyzy ýazmak bilen mertebeli ynsany hormatlap, uly ussady ýatlap, ol hakda eşiden, okan maglumatlarymyzy okyjylara ýetirmegi maksat edindim. Çünki ýagşyny ýatlamak hemmämiz üçin parzdyr.
Şahyr aýtmyşlaýyn:
-Ile hyzmat eden
ilden alkyşa,
Hormata, sylaga
bolsun tamaly,
Halkynyň kalbynda
görelde bolup,
Ýaşap ýör türkmeniň
Bazar Amany.
Gurbannazar Hojagulyýew, taryh ylymlarynyň kandidaty.