Wednesday, January 16, 2013

Türkmenistanda Gökdepe şehitleri hatyralandy-تورکمنیستاندا گؤکدپه شهیدلری خاطیرالاندی

Turkmenistanyn Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Hatyralama çäresine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy 
TRT Turkmen: Türkmenistanda Gökdepe şehitleri hatyralandy.Türkmenler 132 ýyl ozal rus söweşi ýyllarynda ýogalan 33 müň türkmeni hatyralady. Hatyralama çäresine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hatyra gününde şehitler üçin aýat töwir edildi. 1878-nji ýylda Orta Aziýany basyp almak islän ruslar Gökdepe galasyna
çenli geldiler. Ruslar galany ele geçirip bilmändikleri sebäpli gahar gazaba mündiler we 33 müň türkmeni şehit etdiler. Gökdepe galasy hem ýer bilen ýegsan edildi. Şehitlerini ýatdan çykarmadyk türkmenler 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň her ýyl ýanwar aýynyň 12-de şehitlerini hatyralaýar. Garaşsyzlykdan soň Gökdepe galasynda uly metjit bilen muzeý guruldy. Muzeýde şehitleriň egin eşikleri we ýaraglary sergilenýär.

No comments:

Post a Comment