Friday, August 09, 2013

GUTLUG TIMURYŇ MINARASY( XIV asyr)-قوتلئغ تمورینگ مناراسی(14-نجی عاصر)ه

Gutlug Temir Minarasy
Ertir: Bu minara Soltan Tekeşiň ýadygärliginiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Dünýäde Delidäki Kutub minaradan soňra ikinji ýerde durýan bu minaranyň uzynlygy 60 metre barabardyr. 7 metr belentlikden girelgesi bolup, 145 sany töwerekleýin basgançak bilen ýokary gupbanyň aşagyna çykylýar.
Minarada kerpiç örüminden edilen ýazgy bu desgany Altyn Ordanyň Horezm welaýatynyň hökümdary Gutluk Timuryň we Altyn Ordanyň soltany Özbek hanyň atlary bilen baglanyşdyrýar. Minaranyň 1930-njy ýylda prof. A.Ý. Ýakubowskiý tarapyndan okalan kufa stilinde ýazylan ýazgysynda şeýle diýilýär: “Iki dünýäniň şalaryndan iň bagtly patyşa, Allah onuň rehimdarlygyna keremdarlyk etdi we oňa hakykatyň işigini açdy hem-de ol kuwwatly patyşa araplaryň we arap dälleriň penakäri, älem-jahanyň we diniň şöhlesi, yslamyň we musulmanlaryň beýigi Gutlug Temur, Nejim-ed-deul-un-diniň (Nejm-ed-diniň) ogly, Allah yslamyň ýeňşini, arasynda... we kuwwatly solatn Özbek hanyň häkimiýeti günlerinde bu jaýyň gurluşygyny uzaltsyn, Allah onuň patyşalygyny uzaltsyn”. diýilen ýazgylara gabat gelýärsiň. ..
بو مناره سلطان تکشینگ یادیگأرلیگینینگ دمیرغازئق-گونباتارئندا یرلشیأر. دونیأده دهلی دأکی قطب منارادان سونگرا، ایکینجی یرده دوریان بو منارانئنگ اوزینلئغی 60 متره برابردئر. 7 متر بلندلیکدن گیرلگه سی بولوپ، 145 سانی تؤورکلیین  باسغانچاق بیلن یوقاری قوپبانئنگ آشاغئنا چئقئلیار.
منارادا کرپیچ اؤریمیندن ادیلن یازغی بو دسگانی آلتئن اوردانئنگ خوارزم ولایاتئنئنگ حکئمداری قوتلئغ تمورینگ و آلتئن اوردانئنگ سلطانی اؤزبک خانئنگ آتلاری بیلن باغلانئشئقلی دئر. منارانئنگ 1930-نجی یئل-دا، پروفسور آ. ای. یاقویوفسکی طراپئندان اوقالان کوفی ستیلینده یازئلان یازغئ سئندا شیله دییلیأر: "ایکی دونیأنینگ شالارئندان اینگ باغتلی پادیشاه ، آلله اونئنگ رحیمدارلئغئنا کرمدارلئق اتدی و اونگا حاقئقاتئنگ ایشیگینی آچدی هم-ده، اول قواتلی پادیشاه عرپلارئنگ و عرپ دأل لرینگ پناکأری، عألم-جهانئنگ و دینینگ شؤعله سی، اسلامئنگ و مسلمانلارئنگ بییگی قوتلوغ تمور، نجم الّدینینگ اوغلی، آلله اسلامئنگ ینگشینی آراسئندا... و قواتلی سلطان اؤزبک خانئنگ حأکیمیتی گونلرینده بو جایئنگ قورولوشئغئنی اوزالتسئن، آلله اونئنگ پادیشالئغئنی اوزالتسئن" - دییلن یازغئلارا غابات گلیأرسینگ. ...

No comments:

Post a Comment