Friday, November 08, 2013

“Türkmen halkynyň edebi geçmişi"- گذشته ادبی خلق ترکمن

Ýewgeniý Bertels
"ERTIR" Turkmen sayt: Daşary ýurtly alymlar, edebiýatçylar halkymyzyň baý edebi mirasynyň bardygyna ir döwürlerde göz ýetiripdirler. XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň birinji ýarymynda bolsa olar edebi geçmişimiz bilen has hem icgin gyzyklanmaga başlaýarlar.
Ýewgeniý Eduardowiç Bertels hem edebi mirasymyzy öwrenmekde uly iş bitiren alymlaryň biridir. Onuň «Türkmen halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürlerden XVIII asyra çenli)» atly iri göwrümli işi bolsa edebiýatymyza ýapylan gymmatly serpaýdyr.
Ol bu işinde, öz döwründe mälim bolan maglumatlara esaslanmak bilen, halkymyzyň edebi taryhyna göz aýlap, onuň çäklerini kesgitlemäge synanyşyk edipdir hem-de çuňňur ylmy derňew esasynda edebiýatymyzy öwrenmegiň esasy ugurlaryny salgy beripdir.
Alym ylmy hakykata wepaly bolup galmak bilen, türkmen edebiýatynyň örüsiniň çak edilişinden has giňdigini ynandyryjy deliller arkaly subut edipdir.
Onuň bu makalada öňe süren wezipelerine çalymdaş wezipelere türkmen edebiýatçylary tarapyndan belli bir derejede amal edilen hem bolsa, indi edilmeli işleriň hem aňyrsy-bärsi ýok. Mysal üçin, Bertels öz makalasynda orta asyrlarda pars dilinde döredilen kyssa eserleriniň aglabasynyň türkmen edebiýatynyň bir bölegi bolup durýandygy hakdaky pikiri şu günler hem öz möhümligini ýitirenok.
Şol kyssa eserleriniň köpüsi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda goralyp saklanyp, olaryň belli bir bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly daşary we içeri syýasatynyň aýdyň alamaty bolan Berkararlyk döwletiniň bagtyýarlyk döwründe türkmen okyjylaryna ýetirildi.
Şolaryň ählisi gutarnykly seljerilip, ylmy dolanyşyga girizilse, edebiýatymyz baradaky garaýyşlar has hem giňär. Biz Ýewgeniý Edurdowiç Bertelsiň bu gymmatly makalasyny okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

No comments:

Post a Comment