Sunday, November 17, 2013

“XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy”- ه...18-19-نجی عاصئر تورکمن ادبیاتینئنگ تاریخی

Yelharaz Turkmen Edebi Portal
"Yelharaz" Turkmen Edebi Portal:
XVIII – XIX  asyr  türkmen  klassiky  edebiýatynyň  taryhy  boyunça  ilkinji  synanyşyk  bolan  bu  kitap  1958-nji  ýylda  ýazylap  tamamlandy.  Şoňa  görä  klassyky  edebiýatymyzy  öwrenmekde  soňky  ýyllarda  ýüze  çykan  käbir  özgerişleri,  tapylan  täze  materiallary  bu  işde  göz  öňünde  tutmaklyga  mümkinçilik  bolmady.
      Kitabyň  «Giriş»  (türkmen  halkynyň  edebi  geçmişi,  iň  gadymy  döwürden  XVIII  asyra  çenli)  bölümi  SSSR  Ylymlar  akademiýasynyň  habarçy agzasy  professor E. E. Bertels tarapyndan ýazyldy. Galan bölümleriň awtorlary bolsa aşakdaky adamlardan ybaratdyr:
1) «XVIII asyrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary», «Magtymgulynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary»,  «Şahy-ryň  terjimehaly» – TSSR  Ylymlar  akademiýasynyň  hakyky  çleni  prof. G. O.  Çaryýew:
2)«Mollanepes», «Mätäji» -TSSR Ylymlar akedemiýasynyň korrespondent çleni, filologiýa ylymlarynyň doktory A. Kekilow;
3)«XVIII asyr türkmen  edebiýaty» (umumy syn)
4)«XVIII asyrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy  ýagdaýy», «Magtymgulynyň döredijiliginde sosial deňsizligiň görkezilişi, baý  feodallaryň we ruhanylaryň paş edilişi», «Şahyryň döredijiliginde agzybirlik,  birleşmäge çagyrmaklyk meselesi», «Keminäniň yşky-söýgi lirikasy»,  «Keminäniň  dili  we çeper serişdeleri»-filologoýa ylymlarynyň kandidaty A.Meredow:
5)«Seýdi»,  «Magtymgulynyň  döredijiliginde  maşgala  meselesi»,  «Şahyryň  döredijiliginiň  halkylygy we çeperçiligi»-filologiýa ylymlarynyň kandidaty K. Jumaýew:
6)«Nurmuhammet – Andalyp» – filologiýa  ylymlarynyň  kandidaty  H. G.
7)«XIX  asyr türkmen edebiýaty», «Kemine» – filologiýa  ylymlarynyň  kandidaty  R. Alyýew:
8)«Döwletmämmet-Azady», «Zelili», «Magtymguluynyň döredijiliginde  watançylyk»-S.Durdyýew:
9)«Misgingylyç»-filologiýa ylymlarynyň kandidaty T. Durdyýew.
Kitabyň  rus  dilinde  ýazylan  «Nurmuhammet-Andalyp»  bölümini  filologiýa  ylymlarynyň  kandidaty  M.  Gurbansähedow,  «XVIII  asyrda  Türkmenistanyň  jemgyýetçilik-syýasy  gurluşynyň  umumy  häsiýeti»  we  «Magtymgulynyň  syýasy-jemgyýetçilik  garaýyşlary» diýen  bölümlerini  filologiýa  ylymlarynyň  kandidaty  K.  Jumaýew  türkmen  diline  geçirdiler,  SSSR  Ylymlar  akademiýasynyň  korrespondent-çleni   professor  E.  E. Bertels  tarapyndan  ýazylan  «Giriş»  (türkmen  halkynyň  edebi  geçmişi,  iň  gadymy  döwürden  XVIII  asyra  çenli) bölümi  bolsa  filologiýa  ylymlarynyň  kandidatlary  M. Gurbansähedow  bilen  A.  Çarygulyýewa  türkmen  diline  terjime  etdiler.
Kitabyň doly görnüşini aşakdaky çelgiden alyp bilersiňiz.

No comments:

Post a Comment