Saturday, January 04, 2014

Geçen ýylyn Fewral aýynda Eýranda on bir Türkmen obasy birleşdirilip, täze şäherçe bina boldy!

Şaher Toýy
E Orazgeldi Aydin Facebooky!Ýakynda Eýranda on bir sany Türkmen obasy birleşdirilip, täze şäherçe döredildi. Şu ýylyň 10-njy fewralynda ol şäherçä şäher derejesi berildi. Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna oňa Pyragy şäheri diýlip at berildi.
Bu zatlaryň amala aşmagynda belli bir derejede halk bilen bile gadam urýan millet wekilleriniň hem paýynyň bardygy aýdylýar. Olaryň arasynda Eýranyň 9-njy halk mejlisinde Gülistan welaýatyndan millet wekilligine saýlanan ýeke-täk türkmen Abdylkerim Rejebiniň hem ady agzalýar.
Mejlisiň millet wekili Abdylkerim Rejebi käri boýunça hukuk işgäri bolup, ol Türkmensähränyň Kelala, Marawadepe, Minudeşt, Galikeş şäherleriniň ilaty tarapyndan saýlaw esasynda mejlise millet wekli bolup çagyryldy.
Millet wekilligine saýlananyna uzak wagt bolmasa-da, ol eýýäm Tährandan uzakda 500 kilometrlikde ýerleşen şäherlerde saýlawçylar üçin ýörite arzy-hal kabulhanasyny açyp, halk bilen ýygy-ýygydan görşüp durýar. Bu bolsa millet wekiliniň halkyň ynamyny ödäp başlandygyndan habar berýär.