Sunday, April 27, 2014

Eýran Türkmenleriniň Azat edijilik gozgalaňyny goldamakda, Gaýgysyz Atabaýewiň roly
ایران تورکمنلرینینگ آزاد ادیجیلیک غوزغالانگئنی قولداماقدا٬ غایغئسئز آتابایوینگ رولی

Heýkeltaraş Mommy Seýitmyradowyň
Gaýgysyz Atabaýewdan döreden heýkeli
Aşgabat-Hudaýberdýew köçesi-1967-nji
ýyldan-1989-njy ýý. çen.
Dr. Ownuk, Hangeldi:
XX asryň I - nji ýarymynda Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Eýran türkmenleriniň taryhy ykbaly ugrundaky Osman ahunyň “Halk azatedijilik hereketi”, esasy syýasy waka bolup geçýär. Ol wakalar öz täsirini halk arasyndaky jemgyýetçilik we ruhy medeniýetine yz galdyryjy täsir ýetirip, olaryň soňky ýüze çykjak syýasy – jemgyýetçilik hereketlerinde hem edebiýatynda uly rol oýnaýar.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalardyr.

Taryh ylymlarynyň doktory, professor Hummat Ataýew “Eýran türkmenleriniň azat edijilik hereketi” atly ylmy işinde bu barada hakyky faktlary ulanyp, takyk barlag geçiripdir.
Türkmenleriň bu azat edijilik hereketiniň halkyň real azat edijilik jümmüşi we hakyky hereketidigini işde doly subut edilýär. (Autoreferat 15 sah. soňky 2 paragraf)
O.S. Malikow bu gozgalaňyň käbir real taraplaryny ündäpdir. Ol Eýranyň 20-nji ýyllaryndaky gozgalaňyny beýan edip Eýranyň demirgazyk-gündogar gozgalaňlary barada şeýle ýazýar:
“1924-nji ýylyň ýaz aýynyň başlaryndaky başlanan syýasy hereketiň, yzysüresinde türkmenler bilen kürtleriň gozgalaňynyň örboýuna galmagyna sebäp bolýar.
Türkmenler özlerini Respublika yglan etdiler, (Oňa ýolbaşçylyk eden türkmenleriň wekili Osman ahundy). Eýranyň hökümeti köp azap çekip, bu gozgalaňy 1925-nji ýylda basyp ýatyrdy”.
Emma edebiýatçy alym A. Oraztaganow 1916-njy, 1924-nji ýyllardaky Gürgen türkmenleriniň erkinlik hukugyny almak ugrunda Eýran patyşalygyna garşy alyp baran hereketlerini “Reaksiýon hereket” diýip ýatlaýar. Ol şeýle ýazýar:
“1916-njy ýylda Gürgende türkmenler öz tire-taýpa serdarlarynyň reaksoýon syýasatyna ynanyp, ýokarda bolan çaknyşyk sebäpli, patyşa hökümetiniň harby otrýady tarapyndan heläkçilige sezewar edilipdir.”.
Şeýle ýalňyşlyklar 20-nji ýyllardaky Sowet Soýuzynyň (Birleşen Şurevi Jemhurylary) taryhçylarynyň, şeýle hem käwagt häzirki zaman Gündogarşynaslaryň işlerinde hem görünýär. Mysal üçin, I. A. Ýusupowyň işinde, “Eýran türkmenleriniň 1924-1925-nji ýyllardaky gozgalaňy prawokasiýon” -diýlip belläpdir.
Eger-de, bu halk azat edijilik hereketi şeýle reaksiýon mazmunly bolan bolsa, onda näme üçin ol Gaýgysyz Atabaýew tarapyndan goldanylypdyr? Emma J. Staliniň ters syýasaty Atabaýew dagylara bu hereketi goldamaga rugsat etmändir. Bu hakda taryhçy Аннаоразов, Жумадурды öz; “Gaýgysyz Atabaýew: Türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir!” atly makalasynda şeýle nygtap geçýär:
“…Oňuşyksyzlyk döreden dördünji mesele ýomutlaryň Gürgendäki gozgalaňy döwründe ýüze çykdy. Atabaýew olara, türkmenleriň ýaragly goly bilen kömek bermegiň zerurlygy we olary özümüze birikdirmek barada mesele goýdy.” Biz MK-da “Bu baryp ýatan milletçilikli çemeleşme, meseläniň şeýle goýulmagyny buržuaz intillegensiýa Öwezbaýewler, Bekkiberdiýewler talap edýärler.” “Atabaýew! Sen olaryň ideologiýasyny goldaýarsyň.
Beýle etmek bolmaz, bu biziň partiýamyzyň prinsiplerine ters. Bu proletariýat diktaturasynyň bähbitlerine garşy gidýär” diýdik. Emma ýoldaş Atabaýew bolsa, “Ol nähili mähriban doganlarymyzy goramaga aýaga galmaly däl, biz hökmän kömek beräýmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir” -diýip teklip edýär.
… Atabaýewiň partiýa garşy teklibini diňe onuň bilen Nedirbaý Aýtakow ikisi goldaýar… Gürgen gozgalaňynyň başynda ýoldaş Atabaýew köne ofiser Öwezbaýewi Daşkende çagyrdy we olary türkmenlere ýolbaşçylyk etmek üçin Gürgene ibermäge synanyşdy. 1924-nji ýylyň 15-nji maýynda Eýrandaky ildeşlerimiziň öz respublikalaryny döredendiklerini, Osman ahunyň oňa Prezidenti bolandygyny köpler bilýän däl bolsa gerek.
Emma Eýran hökümeti olaryň üstüne köp mukdarda jezalandyryjy goşun iberýär. Ildeşlerimiz tä 1927-nji ýyla çenli gazaply garşylyk urşy ýyllarynda Buhara emiriniň goşunlaryna tälim beren birnäçe türk ofiserleri we Han Ýomutskiniň ogly Läle Han olar üçin harby mekdep açyp, söweş endiklerini öwredýär.
Türkmen gozgalaňçylaryna ýardam eden türk ofiserleri Kadyr Efendi, Jemal Beý, Mehdi Efendi, Mustafa Beý, Hudaýar Efendi, Myrat Beý, Soltan Paşa dagydylar.
Türkk ofiserleriniň türkmenlere harby mekdep açyp,
söweş endiklerini öwreden pursatlary

Şol söweşlerde jan teni bilen göreşenlerden Allaýar han, Nepes serdar, Annageldi Aç, Atahany, Läle han, Manjy Kör, Annamyrat han we beýleki serkerdeleri ýatlamak bolar.
XX asyryň birinji ýarymynda Eýran türkmenleriniň arasynda ine, şeýle wakalaryň ýüze çykmagy jemgyýetçilik aňynyň ösmeginiň fundamentini gurup başlaýar.
1913-nji ýylda başlanyp, 1945-nji ýyla çenli dowam eden Orta Aziýanyň umumy özgerişleri boýunça, türkmen halka (Intelligensiýasy) häzirki döwrüň täze başlanan kapitalistik ewolýusiýasynyň täsiri bilen buržuazlyk basgançaklaryna aýak basýarlar. Mysal üçin, şol döwürde Türkiýede çykýan “Mawera-il-Hazar” (“Kaspi deňziniň gündogar halky”) neşiri türkmenler üçin ýörite “Ýaş Türkistan” ady bilen Çokaý ogly Mustafanyň ýolbaşçylygynda gazýet çykaryp ýaýratýar.
Onuň täsiri öňde baryjy türkmenleri tolkundyrýar. Şol etraplarda halk azat edijilik hereketiniň öňdebaryjylaryndan: ikinji jahan urşundan öň – Osman Ahun (birinji ýolbaşçy) Allaýar han, Hajy Mämmet Paň, Musa han, Göki sopy, Gysyr Emen, Gylyç işan, Rejep Ahun, Arazgurban han, Imanguly Çükgän, Hojaniýaz han, Eziz Hoja, Esen han Kelte, Nepes Serdar, Annageldi Aç, Manjy Kör, Läle han, dagylary başda durupdyrlar.
Aşakdaky ýazgynyň suraty, görkezilen senetde, şol bir wagtyň özünde, Moskwadan Europa döwletlerine göýberilýan habarlaryň birisniň teswiri:

No comments:

Post a Comment