Thursday, May 29, 2014

Çin (Hytaý) Türkmenleriniň ýerleşen ýurtlary (“Salyr” we “Uýgur” türkmenleri)

Salar girls in China
Șu makala 1999-njy ýylda taýýarlanyldy:
Dr. Ownuk, H.: 1991-nji ýylda, tutalitar SSR döwletiniň dagamagy bilen, Sowet-Soýuzynyň tabynlygyndaky duran 14 döwlet öz garaşsyzlygyna eýe boldular. Șondan beýläk bu ýurtlar, daşary ýurtlar bilen özbaşdak halkara diplomatic gatnaşyklary ýola goýdular. Türkmen döwleti öz ýitiren Oguz-Türki diýasporasynda dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrap ýerleşen türkmen taýpa-tirelerini taryhda ýene bir gezek yzarlamagy borj edindi. Bu hakda belli-belli nyşanalar ýüze çykaryldy.
Bu meseläni öwrenmekligiň ugrunda Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh Institutynyna belli dereje-de, paý düşdi.
Șol sanda Türkmenistanyň Hytaý döwleti bilen halkara gatnaşygy ýola goýulandan beýläk, Taryh Institutyndan ýaş alymlar ol ýere gidip ýokary bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Taryh Institutynyň ýaş alymlaryndan Atdaýew Çary, Maşrykow Serdar we …
dagylar saýlanyp, Hytaý ýurduna okuwa gidmäge taýýarlandylar. Bu alymlaryň berýän maglumatyna görä; mälim boluşy ýaly türkmenler orta asyrlarda dünýäniň dürli künjeklerinde mekan tutupdyrlar. Șol sanda olar Çin (Hytaý) ýurtlaryna-da, barypdyrlar. Olar “Salyr” we “Uýgur” türkmenleri bolupdyr.
Salyr” sözi kelassik elipbiýinde; “Salyr-سالئر”, “Salur-سالور”, “Salar-سالار”, “Salir-سالیر”, “Salgyr-سالغیر”, … ýaly görnüşlerde görkeziýar.
WikiPediA: The Salar people (Salar: Salır; Chinese: 撒拉族; pinyin: Sālāzú) are an ethnic minority of China who largely speak Salar, in the Oghuz branch of Turkic languages. Read more ...
Türkmenistan döwleti Hytaý döwleti bilen diplomatic gatnaşyklaryny ýola goýandan beýläk, Türkmen talyplaryna ol ýere gidip okuwa girmäge amatly şertler döredildi. Iki ýurduň arasynda ylmy işgärkleriniň iki-taraplaýyn iş tejribelerini artdyrmak üçin medeni alyş-çalyşlar ýola goýuldy. Salyr türkmenleri barada Hytaý gaýnaklaryndan hem beýleki çeşmelerde-de gerekli maglumatlary tapsa bolýar. Bu barada ýaş alym Çary Atdaýew gerekli maglumatlary özi bilen getiripdir.
Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh Institutynyň “Dünýä Türkmenleri Öwreniş” bölüminiň kiçi ylmy işgärinden ýaş alym Çary Atdaýew ilkinji sapar Hytaýa baryp gelenden soň, şu tema boýunça, Taryh Institutynyň “Dünýä Türkmenleri Öwreniş” bölüminiň tarapyndan, bu ýaş alym bilen söhbetdeşlik geçirdik. Hormatly okyjylaryň ünsüni bu geçirilen söhbetdeşlige çekýäris:
Ownuk, H. – Hormatly Çary Atdaýewiç! Hoş geldiňiz! … Siz Hytaýa göçip giden Oguz-Türkmenleri barada nämeler öwrendiňiz, we olar haýsy ýurtlarda mekan tutup ýaşaýarlar?
Atdaýew Çary – Sag bol! ... Salyrlaryň Hytaýa göçip baryşynyň XIV – asyryň aýaklaryna degişli bolandygyny bu yerde mälim bolyar. Bu barada “ Gündogar Halklary” atly akademiki neşiriň awtorlary şeýle ýazýarlar: “ XIV – asyryň ahyrlarynda “Garaman” urugyndan bolan Samarkandyň Salyrlary Merkezi Azia göçip, “Tsin Se’ei”-den Günorta böleklerinde ýerleşipdirler. Salyrlar Hytaýyň Tsin Tiýan “Hun-Huwa’a(Uýur)” awtonom etraplarynda “Gan-Su”, “Tsin Haý” welaýatlarynyň, “Pekin”, “In Sin” şäherlerinde ýerleşipdirler. Olaryň köp ýerleşen mekany “Tesin Haý” welaýaty bolupdyr.
5726-Linxia, City a Mosque and "Huihui Xiang-Su", Pen restaurant at the corner of "Hongyuan-Xin-Cun-Lu", and "Huancheng-Xi-Lu"
5726-Linxia, City a Mosque and Huihui Xiang-Su, Pen restaurant at the
corner of Hongyuan-Xin-Cun-Lu, and Huancheng-Xi-Lu
Gan Su” welaýatynda ýaşaýan Sayrlar barada, şol ýerde Hytaý dilinde çap edilen “Gan-Su Șa’O (Șaşu) Șu-Ju”, ýagny “Gan-Su welaýatynyň az sanly milletleriniň ilatlary” atly kitapda ýazylýar. Șol kitabyň berýän maglumatlaryna görä; Salyrlaryň esasy ýaýran ýerleri “Tsin-Haý” welaýatynyň gündogarynda, “Sun-Huwa” awtonom uýezdi hasaplanýar.
Ownuk, H. – Salylaryň jemgyýet sany barada anyk maglumatlar barmy?
Atdaýew Çary – Ol barada 1988-nji ýylyň Ilat hasabatyna görä; Salyrlaryň sany, Hytaý-da 69000 müň 102 sany adam bolup, olardan 88/1 göterimi “tsin Haý” welaýatynda ýaşayarlaryň.
Gan-Su welaýatyndaky Salyrlar 5 müň 111 adam, bu bolsa, bütin ýurtdaky Salyrlaryň 704 göterimini öz içine alýar. Gan Su welaýatynda Salyrlaryň esasy ýaýran ýerleri “Ji-Și-Șan” uyezdi hem “Lin-Uýa”-Hu-Aý” Awtonom okrugy, “Gan-Șan” awtonom okrugy ýaly ýerlerde oturumlaşypdyrlar. Șeýle hem “Lin-Çzaw” şäherinde hem az sanly Salyrlar ýaşaýarlar. “Ji-Și-Șan” şäheristanynda (uýezdinde) Salyrlaryň hemmesi 4 müň 12 adam, bu welaýatynyň hemme Salyrlarynyň 78/4 göterimini öz içuine alýar. Galanlary bolsa, “Hu-Aý”, “Dun-Siýan”, “Bar-An” we “Han” milletleri bolupdyr.
Uýgur we Salyr
Ownuk, H. - Olaryň ýer-ýurtlarynyň geografiki durumu hem hojalyk meşgulliýatlary barada bir gürriň berseňiz?
Atdaýew Çary – “Ji-Și-Șan” şäheristanynyň Demirgazyk – Gündogar bölegi örän sowuk we daglyk bolup, ýer üstiniň “Rlifi” guruluşy Günorta-Günbatara tarap beýiklik, Demirgazyk-Gündogar jähede tarap bolsa, peslik bolup, oba hojalygynda esasan “tüwi”, ýeralma(kartoşka)”, “dary” we beýleki däneli ösümlikler ösdürliýär. Salyr ilatly şäheristan maldarçylykda uly mekan tutup durýar. Ol ýerlerde goýunlar, atlar, sygyrlaryň önümleriniň uly göwrimi öndürilýär.
Ownuk, H. - Hytaý da ýaşaýan Salyrlaryň ýnanç däp-dessurlary nä dereje-de, galypdyr?
Atdaýew Çary – Türkmen taýpa-tireleriň arasynda, Salyr taýpalary ilkinji musu;lman dinine uýanlar bolupdyrlar. Olar örän harby, söweşjeň hem çeper hünärmen adamlar bolupdyrlar. Olaryň sany müňe golaý adam bolup, “Șin-Haý” welaýatynyň “Sun-Huwaý” etraplarynda ýerleşipdirler. Golaýda ýaşayan ”Tepbetliler”, “Hu-Aý-Li” lar hem “Han” milleti bilen guda-garyndaşlyklar edip, örän ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Salyrlarda, şu günlere çenli hem ýeli Tepbetlileriň birniçe edimlery, däpleri saklanyp galypdyr.
Mysal üçin; eşikleri işkafda saklamak, asawaçlardan asyp goýmak, toý toýlanlarynda, gelin mündürilen atyň toýnuguna süit sepmek, toýda öýüň içinde dört diwaryň burujynda “ak daş” goýmak, bularyň hemmesi Salyrlar bilen Tepbetlileriň arasynda ýygy-ýygy gatnaşyklaryň bolandygyny mälim edýär. Salyrlar başda ownuk hünärmençilik hem ownuk söwdalar bilen meşgullanypdyrlar. Olar musulman dinine uýup, birnäçe adatlary, däp-dessurlary “Hu-Aý” milletiniň däp-dessurlary bilen utgaşdyrypdyrlar.
Sungatçy gyzlar
Zenan maşgalalar kellelerini ýapyp, açyk reňkli eşikleri geýinýärler. Olar, esasan tikinçilik işleri bilen meşgullanyp, olary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Erkek kişileri bolsa, kellelerine çür depeli ak ýa-da, gara reňkli öz boluşly milli telpek geýinýärler.
Ownuk, H. – Salyrlaryn dil-ýazuw baradaky ýagdaýlary nähilli?
Atdaýew Çary – Salyrlaryň öz dili hem ýazuwy bar. Olaryň Uýgurlar bilen we beýleki bile ýaşayan az sanly milletler bilen dili goşuluşyp, az tapawutlylygy bar. Salyrlaryň uzak wagtlap Han millet bilen bile ýaşamagy sebäpli olaryň leksikalarynda-da, onuň täsirleri duýulyar. Özleriniň bolsa, baý dili bar.
Salyrlaryň “Sun-Hu-Aý” milleti bilen gatnaşyklarynyň ýakyndan bolmagy sebäpli, olaryň däp-dessurlaryny tiz-ara, biri-birine ýakynlaşdyrypdyr. Olar häzir hem 30-dan gowurak “Hu-Aý” familýalaryny ulamnýarlar. “Maý”, “Hu-Aý”, “Și-Si-Yi” we başgalar arasynda, beýleki bir bölegi bolsa, “Lin-Si-Aý” milletiniň familýasyny ulanýarelar. Az sanly ýerli “Han” milletinden bolanlar hem ýuwaş-ýuwaşdan Salyrlaryň ýerlerinde ornaşyp, goşuluşyp gidipdirler. 1590-njy ýyllar töweregi Salyrlaryň esasy sany 10,000 müňden hem köp ekeni. 1781-nji ýylda bolsa, 6 müňden köp maşgala bolup, umumy sany 30 müňden hem köpelipdir. Șol ýyl ýerli ilatyň wekilleri bilen Salyrlar “Tsin” patyşalygyna garşy gozgalaň turuzupdyrlar.
Ownuk H. – Hytaýda ýaşayan Salyr türkmenleriniň, taryhda syýasy-jemgyýetçilik hereketleri bolupmy? Eger şeýle bolan bolsa, onuň nähilli alynyp barylyşy haskda azda-kände gurriň berseňiz!?
Atdaýew Çary - Bolupdyr. 1781-nji ýylda ýerli ilatyň wekilleri bilen Salyrlar “Tsin” patyşalygyna garşy gozgalaň turuzupdyrlar.
Bu gozgalaň “Sin-Hua” uýezdi bilen “Gan-Su” welaýatynyň arasynda bolupdyr. Ilki başda oňa mugallymlaryň arasyndaky garşylaşyklar sebäp bolan bolsa, soňlar ulalyşyp, “Tsin” patyşalygynyna garşy gozgalaňa öwrülipdir. Onda 30 müňe golaý adam göni “Liançyz-Șu” şäherine ýöriş edipdirler. Bu şäheri eýelänlerinden soň, gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr. Tsin hökümeti gozgalaňçylardan we olaryň maşgalalaryndan gazaply öç alypdyrlar. Gozgalaňa gatnaşanlary hem olara kömek eden ýigit çykanlaryň hemmesini ölüm jezasyna sezewar edipdirler. Zenanlary bolsa, “Sin-Tsi-Aşa” ugradyp, olary çoruwlara we gyrnaklara öwüripdirletr. Olaryň çagalaryny bolsa, “Ýun-Șaşa” ülkelerine tarap ugradypdyrlar.
Ownuk, H. – Bu wakalar olaryň jemgyýet sanyna name täsir galdyrypdyr?
Atdaýew Çary – Bu wakalarda, 5 müňe golaý adam gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň, öldürilýär. Șeýlelikde, bu gyrgynçylyk, ol ýerde ýaşayan Salyrlaryň jemgyýet sanynyň azalmagyna uly täsir galdyrypdyr. Bu baradaky maglumatlar Nemts (Germanýa) syýahatçysy “Stefan Ringo”-nyň makalasynda berilýär. /Beýik Azat Edişlik, 1949-njy ýyl./.
“Gan Su” Salyrlary bilen “Pin-Haý” Salyrlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyklar bolup, biri-birine gelip-gidip durupdyrlar.
Salar girls in traditional days
Hemişe golaý gatnaşyk edip, bile ýaşaşmaklary ösüş dereje sine uly täsir edipdir. Ýöne olaryň ösüşleri kadaly bolmandyr. Salyrlar “Beýik Azat Edijilik” söweşden soňky 33 ýylyň içinde 1/1 esse (göterim) köpelipdir. Emma şu 33 ýylyň dine 11 ýylynda ösüş bolupdyr. Mysal üçin 1059-njy ýyllar “Gan-Su” welaýatynyň Salyrlarynyň öňki ýylyna garanyňda 3 müň 920 adam azalypdyr. 1960-njy ýylda ýene-de, 3 müň 272 adam köpelipdir. Bularyň hemmesi aram ösüş hasaplanypdyr. 1974-nji ýylda “Gan-Su” Salyrlary öň ýanyndaky ýyla gasranyňda, ýene-de, 39 müň adam, 1975-nji ýylda bolsa, ondan öňki ýyla garanyňda 488 adam köpelipdir. Iki ýylyň dowamynda ilatyň sany 10 esse-den, hem artypdyr.
Ýokarda görkezilen sanlar Gan-Suýdaky Salyrlaryň ösüş göwrümini görkezýär. 1985-nji ýylda “Ji-Și-Șan” uýezdinde geçirilen barlaglara görä; 1-14 ýaşa çenli ösüş 30/-26 göterim bolupdyr. 65-15 ýaşdakylar 65/1 göterim, 65 ýaşdan ulularyňky bolsa, 4/41 göterim bolupdyr.
Ownuk, H. – Salyrlaryň durmuş toý däp-dessurlary hakda öwrendiňiz mi?
Atdaýew Çary – Elbetde, ol ýerde Salyrlar Yslam şerigatynyň däp-dessurlaryna tabynlykda, gadymdan ir öýlenmek, ir çykarmak däpleri bolupdyr. Gyza 9 ýaşda, oglana 12 ýaşda toý tutmaga rugsat edilipdir. Durmuşa çykjak gyz öýden çykman oturup, tikin, dokma we beýleki öý işleri bilen meşgullanypdyr. Oglan ilki gyza ýüzik gowşurypdyrlar. Ýöne gyzyň razylygyndan öň esasan onuň ejesiniň-kakasynyň razylygy, soňra enesiniň hem erkek doganynyň razylygyny alypdyrlar. Gyzyň durmuşa çykjak güni goňşy-golamlar, we geliniň ýakynlary gelip, synlapdyrlar. Onuň gamgyn aýtýan aýdymlaryny diňläpdirler. Onuň aýdymlary esasan, özi üçin ýagşylyk eden adamlara, toýuna kömek edenlere minnetdarlyk, bagytly gününe şärik, dogan-garyndaşlaryna bagyşlapdyr.
Gyzy joralary bilen öýden alyp çykýarlar we gaýynyň öňüne ýuwasjadan däne sepeläp, gyzy ata mündürýärler. Soňra mähalläniň bosguny bilen gelini gaýyn öýüne ugradypdyrlar.
Ownuk H. – Hytaý jemhuriýeti döredilenden beýläk, täzr esasy kanun boýunça, ýaşlaryň arasynda öýlenme ýaşy özgeripmi dir?
Atdaýew Çary – Howa, olarda ir öyermek däbi Hytaý jemhuriýeti dikeldilenden soňra düýpli özgeripdir. Toý tutulanda ýaşlaryň öýlenmek düzgüni 17 ýaşa ýetenden soň hasaba alynyp geçirilýär. Ýurtda her az sanly milletleriň kanun taýdan deň hukuklylygy goralýar. Salyrlaryň Hytaýda hemmesiniň sany 100 müňden gowurak hasaplanýar.
Ownuk, H. – Bu öwrenişikde nähilli çeşmeleri peýdalandyň?
Atdaýew Çary – Bu barada köp çeşmeleri bar. Hytaý türkmenleri hakda tapylan gaýnaklar “Gan-Su”, “Șa’O-Șu-Žu”, Gan-Su welaýatynyň az sanly milletleriniň ilaty” atly kitap Nemts syýahatçysy Stefan Ringonyň “Salyrlar” atly makalasy, Hytaý Salyrlary barada bize azda-kände maglumat berýär welin, olaryň täze çeşmeleri bilen entek biziň taryhymyzyň üstüni ýetirilmeli. Taryhymyz ol maglumatlaryň üsti bilen kämilleşmäge garaşýar. …
Ownuk, H. – Hormatly Atdaýew Çary! Sizing beren maglumatlaryň üçin köp minnetdar, sag bolyň!
OWNUK, Hangeldi
TÜRKMENISTANYŇ MINISTERLER KABINETINIŇ,
ÝANYNDAKY TARYH INSTITUTYNYŇ ULY YLMY IȘGÄRI,
TARYH YLYMLARYNYŇ KANDIDATY -
Aşgabat - 1999 ý.
**********
Dr. Hangeldi Ownuk / neşir: 2014 ý.  - Toronto