Monday, June 09, 2014

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290-njy ýyldönüminiň baýramçylygynyn gutlag haty
مختومقلی فراغئنئنگ دوغئلان گونینینگ ۲۹۰-نجی یئل دؤنؤمینینگ بایرامچئلئغئنئنگ قوتلاغ خاطی

Magtymguly Pyragy
Türkmen Kultur Ojagynyň "GUTLAG HATY"
“Hor galmasyn puştdan puşdum
Berkarar döwlet islärin!” (Pyragy)
Hormatly myhmanlar!
Türkmen halkynyň parasatly şahyry we milli guwanjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290-njy ýyldönüminiň şanyna geçirilýän bu baýramçylygy Türkmen Kultur Ojagynyň ähli agzalarynyň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy Türkmensahraň Kümmet kawus şäheriniň golaýynda, demirgazyk-gündogarynda bolan Hajygowşan obasynda dünýä inýär.
Ýaşlygyny başagaý bir döwürde geçiren şahyr ilki atasyndan, soň bolsa dürli mekdep ussatlaryndan ylym alyp, töwereginde bolup geçýän hadysalaryň jümmüşinde ýaşap, garyplyga tütäp, mertlikde gatap, ynsapsyz döwrüň ynsaply we akyldar ogly bolup ulalyp ýetişýär. Şeýle bolansoň onuň ýiti galamyndan syzan sazlaşykly setirler halkyň ruhuna ornaşip, ynamynda orun tapýar.
Magtymguly Pyragy ilkinji gezek halkymyzyň taryhy ykbaly bilen baglanyşykly temalary, sada we düşnükli dilde, şygyr dünýäsine ornaşdyrmak bilen, milli kimlik soragynyň umumylaşmagyna, milli we jemgiýetçilik aň-düşünjäň ösmegine hem-de çuňlaşmagyna sebäp bolupdyr.
Adam mertebesine hormat goýmak hem-de agzybir bir döwletiň esasyny gurmak barada ýöredilen pikirler, Magtymguly atamyzyň döredijiliginde öňe sürlen iň beýik hem esasy temalar bolup durýar.
Indi Türkmen nesilleriň dürli yurtlarda Magtymguly Pyragyny hormatlap dabaralar gurmaklaryny, olaryň özüne goýýan sarpasydyr diýip düşünse bolar.
Sebäbi Pyragy türkmeniň umumy bähbitlerini öz bähbitlerinden öňde tutup, gözel ömrüni halkymyzyň aladasynda ötüripdir. Şonuň üçin hem bu gün onuň ady we ýady bütin we bütewi Türkmen halkynyň görnükli alym ogly hökmünde, dünýäni daraldan sepgitlere garamazdan, öz hakyky mirasdüşerlerini dünýäň ähli künjeklerinden bir saçaga üýşürmegi başaryp dur.
Hormatly ildeşler,
Bu gün Türkmen nesillleri Türkmenistanda, Türkmensahrada we ýene başga ýurtlarda medeni ojaklary döredip, medeniýet we döredijilik ulgamynda ägirt uly işler alyp barýarlar.
Türkmenistan döwletiniň hem, Pyragy atamyzyň pikirlerine eýerip, ýurduň ykdysady ösüşlerinden gözbaş alýan täze medeni syýasatynyň netijesinde, bu aktiwitetlere goldaw we itergi bermegi iňňän guwandyryjy ýagdaýdyr.
Biz şeýle bir mübärek günde Türkmen Kultur Ojagymyzyň adyndan dünýäň ähli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň şan-şohratyny we netijede Türkmen milletimiziň at-abraýyny belende göterip, zähmet çekýän doganlarymyza tüýs ýürekden bolan minnetdarlygymyzy bildirip, “Täňry ýalkasyn!” diýäris.
Derwüşler köňlijem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz!
Size berk jan saglyk hem-de üstünlikler dileýäris!
Hormat bilen: 
Türkmen Kultur Ojagy
Köln- 07.06.2014

No comments:

Post a Comment