Sunday, February 15, 2015

In­no­wa­si­on häsi­ýe­te eýe bo­lan sy­ýa­hat­çy­lyk

Akjagül Aşyrowa
AŞGABAT - Akjagül Aşyrowa: ZAMAN Gazýeti
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy ýyl­sa­ýyn be­len­de gö­te­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ägirt uly ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­muz­da da­şa­ry ýurt ma­ýa­dar­la­ry­nyň, işe­wür­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de sy­ýa­hat­çy­lygy ös­dür­mek ba­ba­tyn­da or­ta atyl­ýan tas­la­ma­la­ryň ägirt uly möç­ber­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň mä­käm­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň dö­re­dil­me­gi-de ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek­li­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­dir. Türk­me­nis­tan­da top­lum­la­ýyn in­no­wa­si­on häs­iýe­te eýe bo­lan sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ile­ri tu­tyl­ýan ugur­dur. Şol se­bäp­li, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­lar­da ýurt­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy giň­den ös­dür­mek, te­bi­ga­tyň tä­sin ýer­le­ri­ni sy­ýa­hat­çy­lyk­da giň­den peý­da­lan­mak bi­len, ony mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň ber­kit­me­gi­ne gö­nük­dir­mek üçin en­çe­me iş­le­ri ama­la aşyr­dy.Ýur­du­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­ne dün­ýä­niň ja­han­keş­de­le­ri­niň dynç al­ma­gy­ny gu­ra­mak üçin ägirt uly iş­ler ge­çi­ril­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, aw­gust aýy­nyň 11-inde hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň “Ser­dar” myh­man­ha­na­syn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny gur­ma­gyň no­bat­da­ky des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň, aý­ra­ty­nam, ça­ga­la­ryň öz wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin ak­wa­par­ky we okea­na­riu­my gur­ma­gyň tas­la­ma­sy özün­de in­no­wa­si­on mak­sat­la­ry, öň­de ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýala­ry jem­le­me­li­dir di­ýip bel­le­di. Bu tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de, dynç al­ýan myh­man­lar we ça­ga­lar, ola­ryň ene-ata­la­ry de­ňiz çuň­luk­la­ry­nyň tä­sin jan­dar­la­ry bi­len du­şu­şar­lar. Bu aja­ýyp su­was­ty gör­nüş­ler olar­da uly ka­na­gat­la­nma duý­gu­la­ry­ny dö­re­der. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Awa­za­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan des­ga­la­ryň iň hä­zir­ki­za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­me­li­di­gi­ni we ola­ryň be­zeg­le­ri­ne üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýer­de gök zo­lak­la­ry dö­ret­mek, me­de­ni güý­men­je mer­kez­le­ri­ni gur­mak bi­len bir ha­tar­da köp ugur­ly dynç alyş mer­kez­le­ri hem gur­lar. Awa­za­da Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy, ýur­du­my­zyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti dynç alyş mer­ke­zi­niň, myh­man­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýar. Bu ýer­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň 12 kot­te­ji bo­lan mer­ke­zi dynç alyş mer­ke­zi, Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň we Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri­ne ni­ýet­le­nen 2 gat­ly 10 kot­te­ji özün­de jem­le­ýän şy­pa­ha­na şä­her­ji­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de “Türk­men­ne­bit­gaz­gur­lu­şyk” kon­ser­ni­niň kot­tej­le­ri gu­rul­ýar. Şeý­le-de, bu ýer­de ser­gi köş­gü­ni, söw­da we işe­wür­lik mer­kez­le­ri­ni, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň her haý­sy üçin ulu­la­ra we ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen 300 orun­lyk hä­zir­ki­za­man sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­ni gur­mak üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz äh­li de­re­je­dä­ki ge­çir­ýän mas­la­hat­la­ryn­da de­ňiz ýa­ka­syn­da dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni we onuň baş mak­sa­dy baý te­bi­gy se­riş­de­le­riň re­je­li peý­da­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de köp ugur­ly ös­dür­me­gi­ni we dür­li ul­gam­lar­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer.
Do­gru­dan-da, ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ha­zar deň­zi­niň gün­do­gar ke­na­ryn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny yg­lan et­me­gi bi­len, gys­ga wag­tyň için­de deň­ziň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ry ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. San­ly­ja ýyl­la­ryň için­de gur­lan dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­na­lar gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. “Ha­zy­na”, “Wa­tan­çy”, “Çar­lak”, “Ne­bit­çi”, “Kuw­wat”, “Ker­wen” myh­man­ha­na­la­ry şeý­le-de “Ar­zuw”, “Da­ýanç” ça­ga­lar we uly adam­lar üçin ni­ýet­le­nen dynç alyş mer­kez­le­ri, uzyn­ly­gy 7 ki­lo­metr bo­lan gä­mi gat­naw­ly aja­ýyp der­ýa, in­no­wa­si­on de­ňiz çüw­dü­rim­le­ri, tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, döw­re­bap­la­şan Türk­men­ba­şy hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li­niň şeý­le az wag­tyň do­wa­myn­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň güýç­li dep­gin­de ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Iýul aýy­nyň ba­şyn­da hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň özü­niň gat­naş­ma­gyn­da Awa­za­nyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýan ýe­ne-de bir­nä­çe bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy bo­lup geç­di. Olar Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty we söw­da top­lu­my­nyň 250 orun­lyk “Be­re­ket” ote­li we Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň kot­tej­ler top­lu­my­dyr. Bu tä­ze bi­na­lar­da hem adam­la­ryň dynç al­ma­gy, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­me­gi, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi üçin dün­ýä ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­len­dir. Ha­zar deň­zi­niň gö­zel­le­şen ke­na­ry da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň hö­wes bi­len dynç al­ýan me­ka­ny­na öw­rül­di. Şeý­le-de bu ýer-de dynç al­ýan myh­man­lar üçin gy­zyk­ly ge­ze­lenç­ler, gä­mi­li aý­law­lar, kon­sert­ler, sport bäs­le­şik­le­ri, oýun­lar, gy­zyk­ly çä­re­ler uly şow­hun bi­len ge­çi­ril­ýär. Her ýyl dür­li ýurt­lar­dan gel­ýän ça­ga­lar hem bu aja­ýyp ýer­de dynç al­ýar­lar. Dynç al­ma­ga we hal­ka­ra ça­ga­lar fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­ga ge­len we­kil­ler, şol san­da düýn öz işi­ni ta­mam­lan “Awa­za-12”at­ly hal­ka­ra ser­gi­si­ne, sun­gat fes­ti­wa­ly­na we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş nes­li­mi­ziň Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýa­şa­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýar­lar.
Mu­nuň özi yn­san bäh­bit­le­ri­ni äh­li zat­dan ile­ri tut­ýan mil­li Li­de­ri­mi­ziň, ýyl­sa­ýyn gül­läp ös­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has be­len­de gö­ter­ýär.