Wednesday, April 29, 2015

Dr. H. Ownuk: - Köln şäheriniň Türkmen Kultur Ojagynyň Baýramy gutly bolsyn!

Baýramçylyk günleri
"Magtymguly köňle gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme!"
Gadyrly ildeşler, gadyrdan dostlar!
Türkmen halkynyň milli guwanjy we dil-edebiýatynyň parlak ýyldyzy bolan Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybatly Köln şäherinde şadyýan saz-söhbetli we ylmy konferens bilen bellenip geçirilýär.
Sizi maşgalaňyz bilen bu dabara çagyrýarys!
Eger-de bu baýrama mynasyp belli bir tema bilen çykyş ederin diýseňiz, gijikdirmän bize habar bermegiňizi haýyş edýäris.
Duşuşyk ýeri: Trägerverein Bürger- und Vereinszentrum e.V. Rösrather Straße 603
51107 Köln (Rath/Heumar)
Gün tertibi: Wagt: 16.05.2015- şenbe güni, - Sagat 15:00-17:00 - Ylmy-edebi çykyşlar: Sagat 18:00-23:00 Saz-söhbetli dabara...
Hormat bilen:
Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary
Köln, 20.04.2015