Saturday, May 16, 2015

Haýsy Kasama Haýsy Şaýada Ynanmaly!

* Suw getirenler bilen küze dowenler!
Haýasy Kasam, Haýsy Şaýad
Hojanepes News: Muhammet pygammeriň döwründe, günlerde bir gün, tagsyryň nebrelerinň biri saçak ogrysy bolupdyr. Ol gijelerde wagt-wagt oýden çykyp, iliň towuk - jüýjelerini ogurlapdyr.
Il bu ogrynyň üstünden din emeldarlaryna arza-şikäýete çykypdyrlar. Şol esasda, döwlet kaziýetiniň tarapyndan bu ogryny tutup, edýän nädogry işiniň jezasyny bermek isläpdirler.
"Şol gijeleriň birinde, bu ogrynyň yzyna salynan kazyýet wekili ony ogurluk edip gelýän wagtynda tutupdyr. Ol asla, pygamberiň nebreleriniň biri "Apbas" eken!!
Apbas tutulan badyna ogurlan horozyny donunyň astynda gizleýär. Bu horozyň guýrugy hetdenaşa uly bolandygy sebäpli, onuň guýrugy, Apbasyň donunyň astyndan ujy görünip duran eken. Apbas ony gizländirin oýedip, ogurlan horozuny inkär edýär. Onda:
Kazýet işgäri:
 - "Men seniň kasamyňa ynanaýynmy ýa-da, horozyň görünip duran guýrugyna!!?" - diýipdir. ...
Netije:
Bu jaýdar nakyl, biziň häzirki jemgyýetimizde-de, diňe bir horoz ogurlugy babatda däl-de, syýasy-jemgyýetçilik ugurlarynda-da, ýüze çykýar:
Eýran türkmenlerinden käbir adamlar, Türkmenistanda ýaşan wagty, Türkmenistan we onuň Garaşsyz bolup täze aýaklanan döwletine garşy hereket edip we ol ýerde dürli jenaýatlara baş goşup, daşary ýurtlara (hamana Kanada, Europa) gelip, Türkmenistanyň tarapdary bolmagy örän geň we düşniksiz!!! ... Türkmen medeniýetinde şunyň ýaly şahslara, "Iki ýüzli, bir ... !" - diýilen lakamy berilipdir. Şular ýaly adamlara asla ynanyp bolmaz! ...

Garaşsyz Türkmenistan, "Suw getirenler bilen küze dowenleri gowy tanaýandyr!!...