Friday, October 16, 2015

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi

Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi
Türkmen Habarlary: Muzeý 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Milli muzeý ady bilen döredilýär, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Baş milli muzeýi diýlip ady üýtgedilýär, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeý.
*****
2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň düzümine girizilýär. Şeýlelik-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýi, „Garaşsyzlyk muzeý“, „Galkynyş muzeý“, „Bitaraplyk muzeý“ şahamçalary Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň düzüminde hereket edýär.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge ony halka ýetirmäge doly mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň beýleki halklaryňka meňzemeýän baý taryhy medeni ýädygärlikleri, maddy medeniýeti bar. Şol medeniýetleriň köklerinden tä şu günki güne çenli gelip ýeten janly şaýat hökmünde saklanyp galan gymmatlyklary ýurdumyzyň müzeýlerinde saklanýar. Muzeýler bu taryhyň açylan bir sahypalaryny özünde jemleýän medeni ojakdyr.Biziň muzeýlerimizde taryhyň gymmatly hazynalary jemlenip we goralyp saklanylyp geljekki nesillerimize ýetirmekde dyngysyz aladalar edilýär.
Muzeýde muzeý gymmatlyklaryny ylmy taýdan owrenmek, pasportlasdyrmak, ylmy usulyýet, mahabat neşir, ekspozisiya we sergi, ceper dikeldiş işlerini alyp barmak we ýerine ýetirmek barada bölümlerin duzumi:
  • Muzey gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölümi
  • Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň muzeý gymmatlyklaryny saklaýjy merkezleriniň işini utgaşdyrmak bölümi
  • Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölümi
  • Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy barlag bölümi
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi
  • çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işleri bölümi
  • Ylmy usulyýet işleri bölümi
  • Mahabatlandyryş neşir edijilik bölümi
  • Medeni aň-bilim işleri bölümi
  • Sergi işlerini guramak bölümi
  • Şekillendiriş sungaty bölümi
  • Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi
Şu güne çenli muzeýiň gaznasynda 137 030 sany esbap birligi goralyp saklanylýar. Olardan: Garaşsyzlyk şahamçada 5 777 sany esbap birligi, Galkynyş şahamçada 244 esbap birligi, Bitaraplyk şahamçada 14 sany esbap birligi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýi bölüminde 4 851 sany esbap birligi saklanýar. Esasy gaznada 126 930 esbap birligi, ylmy kömekçi gazna 10 100 esbap birligi. Olaryň üsti ýyl-ýyldan köpelýär. Şu ýylyň dowamynda muzeýiň gaznasyna 1 655 esbap birligi kabul edildi. Ol esbaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyndan hem-de raýatlardan kabul edildi. Esbaplar ýörite resmileşdirilen gazna iş topary tarapyndan kabul edilýär.
Muzeý işiniň esasy biziň döwrümizde muzeýlere gelýänleriň sanynyň köpelmegi muzeýleriň halkymyzyň dünýägaraýşynyň we medeni derejesine kämilleşmeginiň edýän täsiri bilen tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna gyzyklanmasynyň artmagy bilen häsiýetlenýär. 2013-nji ýylda Döwlet muzeýine gelenleriň sany 125393 adam boldy. Gelýän adamlar diňe Türkmenistanyň raýatlary bolman, eýsem, daşary ýurtly işewürler, köp sanly syýahatçylardyr. Muzeýi görmäge gelýänlere ýokary bilimli hünärmenler türkmen, rus, iňlis, nemes, fransuz, türk, arap dillerinde ekskursiýa guraýarlar. 2013-nji ýylyň dowamynda ekskursiýa hyzmatlarynyň 2450 sanysy amala aşyryldy
.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet muzeýi usulyýet merkezi hökmünde şäher we welaýat muzeýleriniň ylmy işgärlerine, hünärmenlerine muzeý esbaplaryny hasaba almak we saklamak, ylmy ekspozisiýa we sergi işleri boýunça usuly kömekleri berýär.
Muzeýiň merkezi binasy Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa ýadygärliklerine bagyşlanýar. Ekspozisiýada Gadymy döwür, Margiana, Antika, Orta asyrlar taryhy zallary hereket edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň binasy Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmeklige muzeýiň infrastrukturasyny döretmekligi, ýaş nesli ata-babalarymyzyň ruhy-medeni baýlyklaryny gorap saklamaklygy, türkmeniň taryhyny halk köpçüligine ýetirmekligi göz öňünde tutuldy.
Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasy Älemiň, Ýyldyzlaryň, Günüň we Ýer planetasynyň emele gelmegine we onda ýaşaýşyň ewalýusion döremegine bagyşlanan. Ýurdumyzyň dürli künjekleri barada giňden syýahat Köýten daglaryň, Gaplaňgyryň, Bathyzyň, Köpetdagyň, Garagum çölüniň, Amyderýanyň, guşlaryň Türkmenistanyň köllerinde gyşlaýan ýerleriniň, Hazar deňziniň dioramalary hem-de şol ýerleriň özüne mahsus bolan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň giň toplumy ekspozisiýada öz ornuny tapýar.













Kabulhana 48-25-92 Faks 48-25-93 Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 30
Türkmenistanyň Döwlet muzeýini görmäge gelýänler üçin Sişenbe gününden başga hepdäniň hemme günleri açyk. Iş wagty 10:00 – dan 17:00 çenli ...